Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadan partlamasy sebäpli 40 adama ýyl kesilipdir


Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň habar bermegine görä, 7-nji iýulda Abadan şäherinde bolan partlama bilen bagly 40 adam türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Düýbi Wenada ýerleşýän gurama sud edilenleriň ýedisine 20 ýyldan 25 ýyla çenli iş kesilendigini, beýlekileriniň bolsa 10 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri harby ammarda ýüze çykan şol partlama netijesinde 15 adamyň ölendigini aýtdylar. Emma ýerli garaşsyz çeşmeler heläk bolanlaryň sanynyň 100 bilen 200 aralygyndadygyny öňe sürýärler.

Ýurtda garaşsyz medianyň iş alyp barmagyna garşy döredilýän päsgelçilikler sebäpli, adam ýitgileri baradaky sanlary, şeýle hem tussag edilenler baradaky maglumatlary tassyklamak mümkin däl.
XS
SM
MD
LG