Sepleriň elýeterliligi

Remezan we täze nesil


Oraza aýynda özüňe erk etmegi, rehimdarlygy, özara düşünişmegi çagalaryň ýüregine guýmak musulman ene-atalara häsiýetli iş.

Oraza aýynda özüňe erk etmegi, rehimdarlygy, özara düşünişmegi çagalaryň ýüregine guýmak musulman ene-atalara häsiýetli iş.

Atiýa daňdan, gün dogmazdan öň, öz maşgala agzalary bilen selälik edinýär. Ol geljek 16 sagadyň içinde iýere-içere mümkinçilik bolmajakdygyny bilýär. Musulmanlaryň mukaddes oraza aýynda agyz beklemek 9 ýaşly Atiýanyň hukugy, onuň ejesi Şukriýa Hassas üçin hem bu yslam dininiň taglymatlarynyň düýbüni berkitmek üçin bir pursat.

“Men olara ýeke iýmek-içmekden saklanmak ýeterlik däl diýýärin. Oraza ýeke bu däl. Sen öz goňşularyňa mähirli bolmasaň, ýaman söz aýdyp ýa ýaramaz iş edip, olaryň göwnüne degseň, agyz bekläniň peýdasy ýok” diýip, Hassas aýdýar.

“Çagalaryma agyz beklemgiň gowy adam bolmak üçin edilýän işdigini, oraza aýynda öwrenilen gowy gylyk-häsiýetleriň ömür boýy galmalydygyny aýdýaryn” diýip, Kabulyň golýaynda Çil Sutunda ýaşaýan Hassas sözüniň üstüni ýetirýär.

Oraza aýynda özüňe erk etmegi, rehimdarlygy, özara düşünişmegi çagalaryň ýüregine guýmak musulman ene-atalara häsiýetli iş.

Kabulda Karte Parwanda ýaşaýan Akila Wasylyň maşgalasy üçin oraza aýy uly baýramçylyk hasaplanýar. Agzaçar dogan-garyndaşlar, myhmanlar bilen bilelikde giçirilýär. Gyzlara 9, erkek oglanlara-da 12 ýaşa çenli agyz beklemek borç däl. Ýöne olaryň geljekki dini borçlaryna taýýarlykly bolmagy üçin ene-atalar ýaş çagalara agyz beklemäge rugsat edýärler.

Wasyl bilen onuň adamsy öz iň kiçi ogullaryna bu rituala öwrenişmegi üçin günde birnäçe sagatlap agyz beklemäge ýol berýärler. “Men çagalarymyň agyz beklemegini olaryň saglygyna we islegine görä edýärin. Olary bu işi mejbury etdiremok. Men şerigat boýunça pikir edýärin. Birini agyz beklemäge mejbur etmek günä” diýip, Wasyl aýdýar.

Mawlawi Abdul Samad Kabulyň Huşal Han Mina böleginde bir metjidiň ymamy. Ol oraza aýynda çagalara yslamyň bellän borçlaryny, şol sanda agyz beklemegi, haýyr-sogap etmegi öwretmäge ene-atalaryň jogapkärdigini aýdýar: “Ene-atalar öz 7-8 ýaşly çagarlarynyň agyz beklemäge synanyşmagyna diňe olaryň bedenine, saglygyna zyýan ýetmejek bolsa ýol bermeli. Agyz beklemek olaryň saglygyna ýaramaz täsir etse, ýa olary ysgyndan gaçyrsa, onda olaryň agyz beklemäni gowy. Yslamyň nukdaýnazaryndan olara agyz beklemek borç däl”.

Yslam kalendaryna laýyklykda, her ýyl 10-12 gün öňe süýşýän oraza aýy Günorta we Merkezi Aziýada bu ýyl yssy tomsa gabat geldi. 35 gradus temperaturaly täjik paýtagty Duşenbede gündizine aç-suwsuz gezmek aňsat däl. Bäş çaganyň enesi Gulhumor Saidowa oraza aýy üçin 12 ýaşly ogluna ýörite bir plan düzüpdir. Ol günde birnäçe sagatlap ýatyp, ukusyny almaly, içeri hem salkyn saklanmaly.

Musulman dünýäsinde bolşy ýaly, Saidowanyň çagalary hem “Eid-al-Fitr” oraza baýramyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu baýramda, adat boýunça, çagalara pul sowgat berilýär, maşgalalar täze egin-eşik geýnip, biri-biriniň baýramyny gutlamaga barýarlar. Oraza aýynda garyplara pul kömegini etmek musulmanlaryň borjy.

“Meniň çagalarym baýramyň gelereine howlugýarlar. Olar gowy adam bolmagy öwrenenimiz üçin, sowgat almaga wagt boldy diýýärler” diýip, Saidowa aýdýar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG