Sepleriň elýeterliligi

Hukuk topary: “Somali konfliktinde taraplaryň ählisi günäkär”


“Hýuman raýts wotç” Somalide taraplaryň ählisi halkara kanunyny gödek bozmakda günäkär diýdi.

“Sen kimi günälemelidigiňi bilmeýärsiň” diýlip atlandyrylan hasabat çaknyşýan taraplaryň ählisiniň eden-etdilikleri bes edip, somali halkyna eltilýän kömegiň baryp ýetmegine goşant goşmagyna çagyrýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar ýaraglanan yslamçy topar al-Şahabyň, Somali hökümetiniň, Afrika Bileleşiginiň parahatçylyk esgerleriniň, goňşy Keniýanyň we Efiopiýanyň somali halkynyň agyr ýagdaýy üçin jogapkärdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG