Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa goşunlary Homs welaýatyndaky şäherlere zabt edýär


Şu gün tanklar bilen yzy berkidlen esgerler merkezi Siriýanyň Homs welaýatynyň birnäçe şäherine girenlerinde agyr atyşyklaryň eşidilendigi habar berilýär.

Iki hukuk topary tanklaryň Hula şäherine hem girendigini aýtdy, bu ýerde esgerler agyr atyşyk astynda reýd geçirýärler we tussag edýärler.

Şu gün kenarýaka şäher Latakiýada hem atyşyklaryň gaýtadan janlanandygy eşidildi.Harbylar ýekşenbe güni bu ýerde ilkinji gezek uruş gämilerinden şäheri topa tutupdylar.

Aktiwistler Latakiýada şenbe güni azyndan 27 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG