Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçylar rus otlusyny nyşana aldylar diýilýär


“Kommersant” gazetiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary bir yslamçy toparyň Moskwa bilen Sankt Peterburgyň arasynda gatnaýan uly tizlikdäki otlyny partlatmak planynyň öňüni aldy.

Häkimiýetler bu ugurda 2009-njy ýylyň noýabrynda bolan partlamada musulman pitneçilerini günäläpdiler, şonda 26 adam ölüpdi.

“Kommersant” Kawkazda ýerleşýän jeňçi toparyň dökün bombasyny taýýarlap, öz operasiýalaryny tamamlamagyň öň ýanynda tussag edilendigini aýdýar.

Federal howpsuzlyk býurosynyň başlygy Aleksandr Bortnikow 18-nji iýulda prezident Dmitriý Medwedewe öz gullugynyň Moskwa sebitinde taýýarlanan uly terror hereketiniň öňüni alandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG