Sepleriň elýeterliligi

Rus resmisi Eýranda ýadro gepleşiklerini geçirýär


Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew Eýrana sapar edýär. Ol öz eýranly kärdeşi Seýid Jalili we prezident Mahmud Ahmedinejad bilen gepleşik geçirer.

Patruşewiň Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada dünýäniň alty döwleti tarapyndan alnyp barlan gepleşikleri dikeltmek boýunça rus planyny orta atmagyna garaşylýar.

Eýran bilen Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we Birleşen Ştatlar tarapyndan alnyp barylýan gepleşikler ýanwar aýynda petige diräpdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow golaýda Waşingtona eden saparynda Orsetiň bu mesele boýunça orta atjak teklipleri bilen tanyş etdi.
XS
SM
MD
LG