Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky partlamalarda onlarça adam heläk boldy


Yrak şäherleriniň birnäçesinde şu gün tapgyrlaýyn partlamalar bolup, onlarça adam heläk boldy.

Kut şäheriniň merkezinde bolan iki partlamada azynda 34 adamyň ölendigi, 60-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygy aýdylýar.

Resmiler ilkinji bombanyň mähelleli bazarda partlandygyny aýdýarlar.

Günortadaky Najaf şäherinde bolsa, janyndan geçen bombaçynyň polisiýa binasynyň daş işigindäki barlag nokadynda ulagyny partlatmagy netijesinde azyndan 3 adam öldi.

Kerkuk şäherinde motorly alnyp barylýan bomba partlanda bir adam, Karbalada partladylan ulag bombasyndan hem iki adam wepat boldy.
XS
SM
MD
LG