Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz protestçileri deputatlara hüjüm edýär


Gyrgyzystanda birnäçe ýüz adam şu gün kanun çykaryjylara hüjüm etdi we parlament sessiýasynyň arasyny böldi.

Protestçiler deputatlaryň geçen ýyl öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň işden gyrakladylmagyna getiren halk gozgalaňy mahalynda goşunlara demonstrasiýaçylary oka tutmagy buýran syýasatçynyň arkasyny tutmasyndan nägile bolýarlar.

Protestçiler Bişkekdäki parlament binasynyň girelgesini baglap, oňa gelip girýän parlament agzalarynyň birnäçesine ýumruk salsalar, beýlekilerini depdiler.

Gyrgyz parlamenti geçen hepde ozalky goranmak ministri Waktybek Kalyýewi tussaghanadan öý tussaglygyna geçirmäge ses berdi.

Purokurorlar ony 2010-njy ýylyň aprelinde hökümete garşy protestçileri oka tutmagy buýurmakda aýyplaýarlar. Şondaky çaknyşyklarda 100-e adam öldürilip, 300-den gowrak adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG