Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde özbek-türkmen medeni agşamy geçirildi


Daşkendiň Respublikan halkara medeni merkezinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň garaşsylygynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanan medeni agşam geçirildi. Bu barada Uzreport.com habar berdi.

Merkeziň direktory Nasruddin Muhammediýew we Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Soltan Pirmuhammedow agşamy açyp, iki ýurduň bir topar ugur boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdylar.

Häzir Özbegistanda 170 müň çemesi etniki türkmeniň ýaşaýandygy, 50 çemesi mekdepde türkmen dilinde sapak berilýändigi aýdylýar. 20 mekdepde bolsa sapaklar diňe türkmen dilinde geçilýär.

Mundanam başga, Özbegistanda ýedi sany türkmen medeni merkeziniň bardygy aýdylýar.

Medeni agşamda türkmen we özbek milli eşikleriniň sergisi görkezildi we iki halkyň aýdym-sazlarynyň şowhuny asmana galdy.
XS
SM
MD
LG