Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Saýlaw komissiýasynyň maslahaty geçirildi


Aşgabatda Türkmenistanda saýlawlary we referendumlary geçirmek baradaky merkezi komissiýanyň mežlisi geçirildi.

TDH bu mežlisiň baş temasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk bilen baglydygyny ýazýar.

Ýurduň parlamentiniň kararyna görä, Türkmenistanyň nobatdaky prezident saýlawlary 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler.

Maslahatyň dowamynda zerur dokumentler, hususan-da ýurduň prezidentini saýlamak boýunça saýlaw býulletenleriniň, döwletiň iň ýokary wezipesine alternatiw kandidatlaryň we olaryň ynanylan wekilleriniň şahadatnamalarynyň nusgalary we beýleki materiallar tassyklandy.
XS
SM
MD
LG