Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: "Şaýat bolýan zatlarymyz diňe deklarasiýalardan ybarat"


Lanskoý: "Saýlawlaryň erkin geçirilenligini aýtmak üçin ädilmeli käbir ädimler bar".

Lanskoý: "Saýlawlaryň erkin geçirilenligini aýtmak üçin ädilmeli käbir ädimler bar".

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda prezidentlik saýlawlary geçiriler. Bu habar ýakynda Türkmenistanyň parlamentiniň degişli komiteti tarapyndan halk köpçüligine ýaýradyldy.

Maglumatlardan çen tutulsa, Aşgabat bu çäräni ýurduň Baş kanunyna laýyklykda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň standartlaryna görä amala aşyrmakçy.

Ýöne kandidaturasy hödürlenýän kandidatlar boýunça öňe sürlen şertler göz öňünde tutulsa, mundan öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu gezek hem daşary ýurtlarda ýaşaýan oppozision liderlere saýlawlara gatnaşmaga rugsat edilmez. Sebäbi ses berişlige gatnaşmak üçin islendik dalaşgäriň geçen 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşamagy hökman diýilýär. Netijede käbir synçylar bu saýlawlarda hem hakyky bäsdeşligiň boljagyna ikirjiňleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu meseleler bilen gyzyklanyp, düýbi Waşingtonda ýerleşýän “National Endowment for Democracy” edarasynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Miriam Lanskoý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda prezidentlik saylawlary boýunça gün bellendi, bu ýagdaýa we hökümetiň äden bu ädimine siz nähili baha berýärsiňiz?

Lanskoý: Hökümet ýolbaşçylary bu ugurda aýgytly ädim ädýänçä, bäsdeşlikli saýlawlaryň geçiriljekdigini we şeýle saýlawlaryň amala aşyrylmagy üçin zerur şertleriň dörediljekdigini aýtmak juda kyn.

Zerur şertler diýlende, metbugata has köp azatlyk we sýyasy partiýalara bolsa erkinlik we hereket azatlygynyň berilmegini göz öňünde tutýaryn. Häzirki döwürde esasanam sýyasy partiýalar meselesinde Konstitusiýada nähili maddanyň bardygy we şol maddada näme diýilýändigi hem o diýen anyk däl.

Elbetde, olaryň saýlaw geçirmek baradaky bu tagallasy meni begendirýär. Emma saýlawlaryň netijesiniň ykrar edilmegi we belli standartlara gabat gelmegi üçin heniz edilmeli işiň gaty köpdügini hem aýdasym gelýär.

Azatlyk Radiosy: Syýasy partiýalar barada gürrüň gidende, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda eden çykyşynda oppozision partiýalary hem bu ses berişlige gatnaşmaga çagyrdy, siz oppozisiýa bu çärä gatnaşyp biler öýdýäňizmi?

Lanskoý: Meniň pikirimçe, hökümetiň bu pikiri orta atmagynyň maksady diňe olary hem-de ýagdaýy synamakdan ybarat bolmaly. Onsoň, öňki aýdyşym ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda juda repressiw ýagdaý höküm sürýär. Ol ýurtda hökümete degişli bolmadyk guramalary, garaşsyz habar serişdelerini hasaba aldyrmak mümkinçiligi asla ýok. Şeýle halatda oppozision ýolbaşçylary neneňsi özleriniň howpsuzlygyndan çekinmän bu çärä gatnaşyp bilerler? Hatda olaryň howpsuzlygy üpjün edilen halatynda hem oppozisiýanyň hakyky manyda bäsdeşlige gatnaşyp bilmegi üçin zerur çäreleriň görlenligini ýa görüljekdigini aýtmak juda kyn.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjanyň “Trend” habar agentligi Türkmenistanyň parlamentiniň degişli komiteti tarapyndan ýakynda ýaýradylan maglumata salgylanyp, 9-njy awgustda çap eden maglumatynda şeýle diýýär: “Saylawlar aç-açanlykda, ÝHHG-niň we BMG-niň standartlaryna laýyklykda amala aşyrylar”. Bu beýanat siziň öňe süren aladaňyz boýunça nämäni aňladýar?

Lanskoý: Men şol beýanaty görmedim. Ilki bilen şol maglumaty gözden geçiresim gelýär. Emma eger türkmen ýolbaşçylary hakykatdan hem aýdylýan şol zatlary iş ýüzünde berjaý edip, bu ses berişligi ÝHHG-niň standartlaryna laýyklykda amala aşyrmakçy bolsalar, onda bu gowy zat.

Emma ilki bilen şol standartlar ýurtda graždan jemgyýetçilik guramalarynyň erkin hereket etmegine mümkinçilik döretmek arkaly durmuşa geçirilse, hökümetiň şeýle reformalar barada çynlakaý ädim ädýänligine şaýat bolardyk. Şeýle ädimler halkyň öz syýasy garaýyşlaryny beýän etmegine mümkinçilik döretmekden ybarat bolup, bu hem, umuman aýdylanda, saýlawlaryň azat ýagdaýda geçiriljekdigi barada umyt dörederdi.

Türkmen ýolbaşçylarynyň bu barada pikir beýan etmegi gowy zat, häzirki döwürde garaşylýan zat olaryň bu beýanatynyň arkasynda durup, ýurtda erkinlige ýol bermek arkaly öz wadalaryny iş ýüzünde amala aşyryp başlamagydyr. Emma mundan ozal hem Türkmenistanyň erkinleşýänligi barada kän gürrüň edilipdi, ýöne şol gürrüňleriň iş ýüzünde amala aşyrylanlygyna ýa aşyrylýanlygyna degişli hiç hili yşarat göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-niň saýlawlar boýunça standartlary nukdaýnazaryndan aýdylanda, näme aydyp biljek, meselem, olaryň saýlawlar baradaky standartlary nämelerden ybarat hem-de onuň Türkmenistanyň häzirki ýagdaýyndan tapawudy nämede?

Lanskoý: Türkmenistanda häzirki döwürde ýygnanyşmak azatlygy ýok. Men BMG-niň we ÝHHG-niň standartlarynyň tehniki taýdan nähili aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp biljek däl. Emma syýasy ýygnak we ýöriş geçirip bolmaýan, syýasy pikirleri çap edip bolmaýan we öz tarapdarlaryň bilen aç-açan pikir alşyp bolmaýan halatda men bu zatlaryň nähili boljagyna göz ýetirip bilemok.

Aýtjak bolýan zadym, saýlawlaryň erkin geçirilenligini aýtmak üçin ädilmeli käbir ädimler bar. Türkmen ýolbaşçylarynyň şol ädimleri hakyky manyda ätmek planlarynyň bolmagy mümkin, emma ony tassyklaýan hiç hili yşarat göze ilmeýär.

Meniň pikirimçe, häzirki döwürde biziň şaýat bolýan zatlarymyz diňe deklarasiýalardan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Onda Türkmenistanyň hökümetiniň şeýle deklarasiýalary ýaýratmakdan maksady näme bolup biler? Ýagny, olaryň näme maksat bilen şeýle beýanatlary ýayradýan bolmagy mümkin?

Lanskoý: Meniň pikirimçe, eger Türkmenistanyň ýolbaşçylary hakykatdan hem aýdýan bu zatlarynyň arkasynda tapylyp, syýasy partiýalaryň, graždan jemgyýetleriniň, habar serişdeleriniň döredilmegine ýol berip, hakyky manyda garaşsyz syýasy we graždan institutlaryň açylmagyna kanuny esas döretseler, oňa geljek zat ýok.

Emma onuň şeýle boljakdygyny tassyklaýan ädimler ädilýänçä, olaryň aýdýan bu zatlaryna çynlakaý baha bermek mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Meniň sorajak bolýan zadym, eger türkmen hökümeti aýdýan şol zatlarynyň arkasynda tapylmajak bolsa, onda onuň şeýle beýanatlar ýaýratmagynyň maksady näme bolup biler?

Lanskoý: Bu meselä garaşyp görmeli, ýagny bu beýanatlar olaryň diňe gowy niýetlerini beýan etmek üçin öňe sürýän pikirlerimi, ýogsa-da olar aýdýan bu zatlarynyň arkasynda tapylarmy - muňa göz ýetirmek üçin garaşmaly bolarys.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlaryň 2012-nji ýylyň fewral aýynyň 12-de amala aşyryljakdygy aýdyldy. Eger türkmen ýolbaşçylarynyň aýdyşy ýaly, saýlawlar ÝHHG-niň standartlaryna laýyklykda amala aşyryljak bolsa, bu barada zerur şertleriň döredilmegi üçin ýeterlik wagt barmy?

Lanskoý: Bu barada çaklama beýan etmek kyn. Belki, Türkmenistanda gowulyga tarap, ýagny hakyky erkinligiň ornaşdyrylmagy ugrunda käbir ösüşler bolup, öňa biziň göz ýetirmeýän bolmagymyz mümkin. Ýagny, gowulyga tarap ädimleriň ädilmegi mümkin. Emma diňe birnäçe aýyň dowamynda şeýle uly derejeli özgerişligiň amala aşyryljakdygyna meniň şübhäm bar.
XS
SM
MD
LG