Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çaýhanalar nirä gaýyp boldy?


Çaýhanalaryň ählisi aýrylyp, olaryň ýerlerini plastik aýna-gapyly dükanlardyr garbanyşhanalar eýeledi.

Çaýhanalaryň ählisi aýrylyp, olaryň ýerlerini plastik aýna-gapyly dükanlardyr garbanyşhanalar eýeledi.

Aşgabat şäheriniň bazarlarynda, demirýol wokzalynda, awtoterminalda, şäherara taksi duralgalarynda ýa bolmasa beýleki köpçülik üýşäýjek ýerlerde türkmen durmuşyna mahsus bolan çaýhanalaryň ählisi aýrylyp, olaryň ýerlerini plastik aýna-gapyly dükanlardyr garbanyşhanalar eýeledi.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Aýna daýzanyň aýtmagyna görä, paýtagta myhman bolup welaýatlardan gelýän ildeşlerimiz goýy kölegelerde, sekileriň üstünde aýbogdaşyny gurap, bir çäýnek gök çaý içmegiň ýerine, bokurdagy guran halatynda töwerek daşyna delmuryp bakyp, suw satylýan dükanjyklary gözleýärler. Emma şular ýaly dükanjyklar hem agzyň guran halatynda duş gelmeýär.

Ol mundan 10-15 ýyl ozal şäherde uly köçeleriň ugrundaky awtoduralgalaryň golaýynda ýa bolmasa ulurak edara-kärhanalaryň golaýynda 4-5 aýyň dowamynda, iň bir yssy günlerde ýöriteleşdirilen sisternalarda satyjylaryň sowujak mors, kwas satyp, ula-kiçä hezil berendiklerini ýatlaýar.

Paýtagt özgerdi. Köçeler hem, jaýlar hem tertibe salnyp, ähli ymaratlary plastik aýna-gapylara öwürdiler. Dünýäniň ösen döwletleriniň kaşaň şäherleri bilen deňeşdirse boljak Aşgabatda birnäçe gektara uzap gidýän seýilgähler, medeni ojaklar peýda boldy. Indi ozalkylar ýaly, köçelerde sisternaly mors, kwas satylyp durandygyny, ýa bolmasa goýy kölegede sekili çaýhana ýok.

Emma Türkmenistanyň ýakyp-ýandyryp barýan yssy howasy köp ýurtlaryň klimaty bilen deň gelmeýär. Degişli ýolbaşçylaryň şu ýagdaýy göz öňünde tutmazlyklary köpleri geň galdyrýar. Soňky ýyllar şäheriň awtoduralgalarynda bar bolan, plastik aýna-gapyly suw satýan dükanjyklaryň hem köpüsi duralgalardan düýpgöter aýryldy.

Aýna daýzanyň aýtmagyna görä, ýaş çaga bilen toýa-beýlekä, ýa şähere gezelenje çykaýan halatyňda, ýanyň bilen plastik gaplarda suw götermeli. Eger-de ýanyň bilen suw götermegi unudaýsaň, yssy howada çagaň bilen suw gözläp, kösenmeli bolýarsyň. Bazarlaryň golaýynda birlän-ikilän suw ýa doňdurma satýan dükanlar ýok hem däl, emma olaryň sany juda az. Doňdurma babatda ýagdaý has oňat, “morozilka” atlandyrylýan ýörite sowadyjylarda köp ýerlerde doňdurma hödürläp bilýärler. Emma teşneligiňi gandyrmak üçin sowujak suwa ýetýänçä, adamlaryň gözi garaňkyrara gelýär.

Paýtagta gelýän myhmanlar bir-iki gezek gelip görenlerinden soň, ýagdaýa belet bolýarlar. Ýaşuly zenanlar hem, erkek kişiler hem ýanlaryndan çaýly termoslaryny goýmaýarlar. Emma termoslardaky çaýlar hem yssy howada uzaga ýetmeýär.

Çaý meselesini demirýol wokzalynyň naharhanasynda çözmek birneme ýeňilräk. Ol ýerdäki naharhanada ýarym litrlik daş çäýnekleri 40 teňňeden demläp, öňüňde goýýarlar. Ýöne welin ähli zatdan ýokarda goýulýan gök çaýdan türkmen agany gandyrjak bolsaň, ýarym litrlik çäýnegi azyndan 4-5 gezek täzelemeli bolýandygyny Aýna daýza aýdýar.

“Çagalar babatda ähli dükanlarda, naharhanalarda dürli ölçegdäki plastik gaplarda satylýan “Pepsi-Cola”, “Coca-Cola”, “Fanta”, “Buratino” ýaly içgileri alsa bolýar. Emma olaryň çaga saglygyna o diýen oňat täsiriniň ýokdugyny biz, ulular unutmaly däldiris. Ýolagçy bolan islendik çaganyň elinde şular ýaly içgileri görmek bolýar. Çagalaryň saglygy üçin pomidor suwundan, almadyr beýleki miwelerden edilen şireleriň, süzme çaly ýa bolmasa düýe çaly kimin içgileriň sowadyjy enjamlarda stakanlap satylýan ýerlerine duşmak kyn” diýip, Aýna daýza nygtaýar.

Aýna daýzanyň pikiriçe, jöwzaly tomsy göz öňünde tutup, adamlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde mümkin boldugyça, möwsümleýin suw, çal, miwe şireleriniň satuwyny ýola goýmaly, şäheriň awtoduralgalarynyň ählisinde şeýle dükanlaryň bolmagy zerur.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG