Sepleriň elýeterliligi

Partlama kyrk gün


Abadandaky partlama netijesinde ençeme binalara zeper ýetipdi.

Abadandaky partlama netijesinde ençeme binalara zeper ýetipdi.

Abadanyň alkymyndaky harby polkuň ýarag ammarynda 7-nji iýulda bolan partlama kyrk gün boldy.

Ýarag ammaryndaky partlama resmiler tarapyndan dymmak bilen garşylanypdy. Wakanyň bolan gününiň agşamynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary maslahatyndan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary ýurt mediasyna protest notasyny berip, Abadanda howanyň aşa gyzmagy sebäpli, feýerwerk saklanýan ammara ýangyn düşendigini, onuň bolsa örän tiz öňüniň alnandygy hakynda beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny şol gün agşam teswirlän, “Watan” habarlar programmasynyň diktory resmileriň prezidente beren hasabatlarynda feýerwerk saklanýan ammaryň ýangynynyň tiz öňüniň alnandygyny, hiç hili adam pidalarynyň, weýrançylygyň bolmandygynyň habar berlendigini aýtdy.

Ýas yglan edilmedi

Prezident 8-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde iň bärki hasapdan onlarça adamyň ölümine getiren, ýene şonça möçberde maýyp-müjrüp eden, ýüzlerçe raýatlarymyzyň ruhy sarsgyna düşmegine sebäp bolan, uly weýrançylyk eden ýarag ammaryndaky partlama hakynda kelam agyz aýtman, uly ösüşler hakynda gürrüň etdi. Ýurt baştutany resmileriň işinden kanagatlanýandygyny belläp, döwlet emeldarlaryny on günlük dynç alşa goýberdi.

Wakadan üç günden soň Abadanyň alkymyndaky bolan adatdan daşary ýagdaýy derňemek üçin döredilen ýörite toparyň gelen karary esasynda ýarag ammarynda bolan partlama gytaklaýyn boýun alyndy, prezident belli bir weýrançylygyň, 15 adam pidasynyň bolandygyny ykrar etdi. Döwlet baştutany Abadanda partlamadan ejir çekenlere ähli kömegiň beriljekdigine wada etdi.

Emma 15 adamyň ýogalandygy resmi derejede ykrar edilenden soňam, ýurdumyzda ýörite ýas gününiň yglan edilmezligi ilatymyzy haýrana goýdy. Prezident daşary ýurtlarda bolýan pajygaly ýagdaý üçin şol ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylaryna gynanç hatlaryny ugratsa-da, näme üçindir partlamada wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna ýörite gynanç hatyny ibermedi.

Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlaryň, ÝHHG ýaly halkara guramalaryň teklip eden kömeklerinden sypaýyçylyk bilen ýüz öwrüldi. Munuň bilenem resmiler çäklenmän, partlamada wepat bolan ildeşlerimize bäşinji gün diýlende, Awazada adaty bolmaly açylyş dabarasyny uly toýa öwürdiler, has dogrusy, ilatymyz partlamanyň adam pidalaryna, ejir çekenlere raýdaşlyk edip ýas tutýarka, resmiler ýasama toý tutup, dabaraly aýdym-saz etdiler.

Kömek wada edildi

Döwlet baştutany partlamanyň netijesinde ejir çekenlere ähli kömegiň beriljekdigini wada edendigine garamazdan, munuň üstesine Abadandaky dikeldiş işleriniň tamamlanandygy döwlet derejesinde yglan edilendigine seretmezden, öýi weýran bolan adamlara täze jaý berlenok, jaýlary ýarym weýran bolan adamlara, şeýle-de emläginden jyda düşenlere hem kömek edilmändigini olaryň birnäçesi bilen eden söhbetdeşligime esaslanyp, ynam bilen aýdyp bolar.

Döwlet derejesinde yglan edilip, tamamlandy diýilýän dikeldiş işleri partlama netijesinde sarsgyna düşüp, äpişge-gapysy döwlen adamlara ýardam bermek, şeýle-de on bäş günüň dowamynda ýarag ammaryndaky bolan partlamanyň töwerek daşynda ýaşaýan adamlara çaý-süýji ýaly azyk önümlerini bermek bilen çäklendi. Abadanda äpişge-gapy abatlan gurluşyk firmalaryň uly bölegi hususy firmalar bolup, olaryň ýolbaşçylary özleriniň bu dikeldiş işlerine mejbury çekilendigini aýdýarlar.

Ýerli ýolbaşçylar, partlamadan ejir çekenlere edil häzirem "Gaýrat ediň, garaşyň, ýerli býujetimizde size bermäge hiç zadymyz ýok. Biz ýetirmeli işleri ýerine ýetirdik. Özümizem hormatly prezidentimiziň ýörite toparyň gelen karary esasynda size töleg etmek üçin pul goýbermegine garaşýarys" diýýärler. Ýöne döwlet derejesinde Abandaky dikeldiş işleriniň tamamlanandygy yglan edilenden soň, indi partlamadan ejir çekenlerem özlerine ediljek kömegiň boljakdygyna barha umutsyz garaýarlar.

Ilat arasynda prezident partlamanyň kyrk günlüginde Abadana baryp, wepat bolanlaryň hormatyna sadaka berjek, olara, şeýle-de ejir çekenlere maddy ýardam bermek hakyndaky karara gol çekjek diýlen ynam bar. Hiçden giç ýagşy edip, resmiler partlamanyň kyrk günlüginde onda bolan pajygaly wakalary dolulygyna boýun alyp, wepat bolanlaryň, ejir çekenleriň her birine näçe maddy ýardam berilýändigini yglan etse halkymyz ýolbaşçylarymyzdan hoşal bolardylar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG