Sepleriň elýeterliligi

Owgan delegasiýasy Aşgabatda gepleşik geçirdi


Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginde Owganystanyň Dag senagaty ministrliginiň wekillerinden düzülen delegasiýa bilen gepleşik geçirildi.

Duşenbe güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji proýektini amala aşyrmak meselelerine seredilendigini resmi Aşgabat aýdýar.

Habara görä, taraplar TOPH proýektiniň gysga wagtyň içinde amala aşyrylyp başlamalydygyny belläp, geçiriljek turbaprowod boýunça ençeme meseleleri özara ylalaşypdyrlar.

TOPH gazgeçiriji proýekti Türkmensitanyň günorta sebitlerinden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka sebtinde tamamlanmaly.

1735 km uzynlygy bolan bu turbageçirijiniň üsti bilen ýylda 30 milliard kubmetr türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG