Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ysraýylyň ýaşaýyş jaý planlaryna alada bildirdi


Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, Ysraýylyň okkupirlenen Iordan derýasynyň çep kenarynda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak planlary “çuňňur howatyrlanmany” döredýär.

Waşington Ysraýylyň bu kararynyň palestinalylar bilen ýaraşyk gepleşiklerini täzeden başlatmak boýunça edilýän tagallalara ters gelýändigini aýdýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland žurnalistlere aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýehud Barak Ariel regionynda ýene-de 277 ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna rugsat beripdi.
XS
SM
MD
LG