Sepleriň elýeterliligi

“Google” “Motorola Mobility” kompaniýasyny satyn alýar


Internet läheňi “Google” Birleşen Ştatlaryň “Motorola Mobility” mobil kompaniýasyny 12,5 milliard dollara nagt satyn alýar.

Kompaniýalaryň aýtmagyna görä, bu baradaky ylalaşygy iki tarap hem oňlapdyr.

“Motorola Mobility” kompaniýasy ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň “Motorola” aragatnaşyk kompaniýasynyň düzüminden aýrylypdy.

“Motorola Mobility” “Google Android” programmalary esasynda işleýän mobil telefonlary öndürýär.
XS
SM
MD
LG