Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan saýlawlara halkara gözegçilerini hem çagyrjagyny aýdýar


Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna diňe ýerli synçylar däl, eýsem halkara ekspertleri we gözegçileri hem çagyryldy diýip, türkmen hökümeti aýdýar.

Bu habar Türkmenistanyň Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýasynyň nobatdaky maslahatynda ýaýradyldy.

TDH ýygnaga gatnaşyjylaryň maslahat wagtynda bu möhüm sosial-syýasy kampaniýa degişli guramaçylyk meseleleriniň bir toparyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýazýar.

Prezident saýlawlaryna diňe Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institut ýaly ýerli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gözegçilik edilmez, eýsem çagyrylan halkara ekspertleri we gözegçileri tarapyndan hem syn ediler diýip, TDH ýazýar.
XS
SM
MD
LG