Sepleriň elýeterliligi

Siriýa goşunlary Latakiýa hüjümi dowam etdirýär


Siriýa tanklary şu gün, prezident Başar al-Assada garşy protestleri basyp ýatyrmagy maksat edinen harby hüjümiň dördünji gününde hem demirgazykdaky port şäheri Latakiýa ot açdylar.

Ýaşaýjylar şäheriň daşynyň gabalandygyny we esasy durmuş hyzmatlarynyň kesilendigini aýdýarlar.

Hukuk aktiwistleri Latakiýada geçirilýän harby reýdiň dowamynda 30 çemesi adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

BMG agyr topa tutmalaryň şäheriň bosgun lagerinde ýaşaýan müňlerçe palestinalyny ýaşaýan ýerlerinden gaçyp çykmaga mejbur edendigini aýdýar.

BMG-niň Kömek we iş gullugynyň sözçüsi Kris Gannes duşenbe güni Siriýanyň häkimiýetlerini kömek işgärleriniň bu lagere barmagyna mümkinçilik döretmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG