Sepleriň elýeterliligi

Fransuz, german liderleri bergi krizisi boýunça duşuşýar


Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şu gün Parižde duşuşyp, Ýewropa zonasynyň bergi krizisi babatda mundan beýläk görülmeli çäreler barada maslahat edýärler.

Emma Germaniýa maliýe reformalary meselesinde uly bir böwsüşe garaşmaly däldigini duýdurdy.

Ekspertleriň köpüsi bergi krizisini çözmegiň gowy ýoly bilelikdäki ýewropa obligasiýalarynyň çap edilmegi netijesinde ýewropa zonasyna girýän ýurtlara elýeterli karz almaga mümkinçilik döredilmegi diýýärler. Emma Germaniýa muňa düýpgöter garşy durýar.
XS
SM
MD
LG