Sepleriň elýeterliligi

BBC-niň žurnalisti Täjigistanda sud edilýär


Şu gün Täjigistanyň demirgazyk şäheri Hojandda BBC-niň gadagan edilen yslamçy topar "Hizb ut-Tahrire" ýardam bermekde aýyplanan žurnalistiniň sud diňlenişigi başlandy.

59 ýaşyndaky Urunbaý Usmanow bu aýyplamalary ret edýär we "Hizb ut-Tahrir" toparynyň agzalary bilen diňe žurnalistik iş üçin duşuşandygyny aýdýar.

Žurnalist gadagan edilen toparyň käbir agzalaryndan diňe şol sebitden, "Hizb ut-Tahririň" işjeň hereket edýän ýerinden habar taýýarlaýanlygy üçin interwýu alandygyny aýdýar.

BBC bu aýyplamalaryň düýpden esassyzdygyny aýdýar.

Usmanowyň 13-nji iýunda tussag eldilmegi halkara metbugaty we hukuk toparlary tarapyndan senzura synanyşygy hökmünde berk ýazgarylypdy.
XS
SM
MD
LG