Sepleriň elýeterliligi

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Ženewada boldy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde)

15-17-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ženewa we Kiýewe sapar edýär.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Raşid Meredowyň Ženewa saparynyň maksadynyň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Ýewropanyň Ykdysady komissiýasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri maslahatlaşmakdygy aýdylýar, emma bu barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda Azatlyk Radiosyna Türkmenstanyň daşary işler ministriniň saparynyň sypaýyçylyk saparydygyny aýtdylar. “Ol 16-njy awgustda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş müdiri Kasym Žomart Tokaýew bilen duşuşýar. Türkmen resmisiniň BMG-de mundan başga duşuşygy göz öňünde tutulanok” diýip, bu edaranyň Informasiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Aleksandra Weluççi aýtdy.

Türkmenistan BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini resmi derejede yzygiderli nygtaýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada prewentiw diplomatiýa boýunça regional merkezi işleýär. 2007-nji ýylda açylan bu regional edaranyň işi şu ýylyň iýul aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan makullandy.

BMG-niň resmi maglumatyna görä, Aşgabatdaky bu edara berlen pozitiw baha onuň regionda suwuň ulanylyşyna degişli problemalary çözmekde we Gyrgyzystanda hem Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmakda alyp barýan işine degişli.

Ýakyn günlerde Türkmenistan BMG-niň käbir halkara dokumentlerine gaýtadan garady. Ýurduň Mejlisi BMG-niň 2003-nji ýylda kabul eden “Maddy bolmadyk medeni mirasy, bilimi, ylmy we medeniýeti goramak baradaky Konwensiýasyny” tassyklady. Türkmenistan şeýle-de “BMG-niň Baş Assambleýasynyň raýatlygy bolmadyk şahslaryň statusy baradaky Konwensiýasyna” goşuldy.

Hyzmatdaşlygyň häsiýeti

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň BMG-e bilen gatnaşyklarynyň formal häsiýete eýe bolup galýanlygyna ünsi çekýärler. “Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa şeýle diýýär: “Gynansak-da, türkmen režimi diňe ýurtda onçakly agyr bolmadyk meseleleri maslahat etmäge taýýarlyk bildiýär. Bu esasan režimiň düýp gurluşyna hiç bir taýdan galtaşmaýan meseleler bolup durýar. Türkmen tarapynyň BMG bilen adatça maslahatlaşýan temalary ýurt ýolbaşçylaryndan hakyky syýasy adimleri hem talap etmeýär. Şonuň üçin bu gepleşikler henize çenli formal hasiýete eýe bolup gelýär”.

Begmedowa BMG-niň resmileriniň Türkmenistan bilen gepleşiklerinde köplenç adam hukuklary problemasyny gozgaýandygyny, emma Türkmenistanyň ýurtdaky agyr problemalary maslahat etmekden ýüz öwürýänligini belledi. Onuň sözlerine görä, türkmen resmileriniň dialogdan ýüz öwürýän temalarynyň biri hem Nyýazow döwründe adam hukuklarynyň depelenmegine degişli wakalar bilen baglydyr.

Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan gatnaşyklary guramanyň agzasy bolan bu ýurduň öz üstüne alan borçlaryny berjaý edişine oňly täsir ýetirenok. Munuň sebäbi, bir tarapdan, türkmen ýolbaşçylarynyň agyr meseleleri çözmäge syýasy isleginiň ýoklugyna, beýleki bir tarapdan-da, uly bir halkara strukturasy bolan BMG-niň esasy ünsüni ilkinji nobatda global meselelere gönükdirýänligine bagly.

Resmi maglumatlara görä, Ženewa saparyndan soň Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukraina sapar edýär. Kiýewde türkmen-ukrain gatnaşyklary maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG