Sepleriň elýeterliligi

Mubaregiň sud diňlenişigi efirde halka görkezilmez


Mubaregiň suduň zalynda peýda bolmagynyň özi hem onuň garşydaşlaryny belli bir derejede ynjaltdy.

Mubaregiň suduň zalynda peýda bolmagynyň özi hem onuň garşydaşlaryny belli bir derejede ynjaltdy.

Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaregi sud edýän sudýa duşenbe güni bu iş boýunça diňlenişigi 5-nji sentýabra yza süýşürdi we suduň göni efirde halka görkezilmegini gadagan etdi.


Hosni Muberegiň üstünden ilkinji sud diňlenişigi 3-nji awgustda geçirilipdi. Şol wagt suduň geçýän binasynyň, ýagny Kairiň etegindäki Polisiýa akademisýasynyň daşynda, Mubaregi goldaýanlaryň we oňa garşy çykýanlaryň arasynda gazaply çaknyşyklar ýüze çykypdy.

Mubarek korrupsiýada we gozgalaňda protestçileri öldürmäge buýruk bermekde aýyplanýar. Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa ölüm jezasynyň berilmegi hem mümkin.

Näsag arabasynda

Duşenbe güni geçirilen suda 83 ýaşyndaky Mubarek sud otagyndaky hassanyň düşegine näsag arabasynda getirildi. Mubaregiň aklawçy topary onuň saglyk ýagdaýynyň juda agyrdygyny aýdýar.

Mubaregiň çep elinde damjalaýyn sanjymyň iňňeleriniň durandygyny görüp bolýardy. Onuň bilen bilelikde gözenege salnan iki ogly öz kakalaryny suratçylardan gabalamaga synanyşýardylar.

Sudýa Ahmed Refat sud diňlenişiginiň telewizion kameralar bilen ýazgy edilmejekdgini aýtdy.
Munuň yz ýany sudýa Ahmed Refat sud diňlenişiginiň telewizion kameralar bilen ýazgy edilmejekdgini aýtdy. Mubaregiň aklawçysy Farid al-Deeb degişlilikdäki dokumentleri öwerenmek üçin sud diňlenişiginiň gaýra süýşürilmegini sorandan soň, sudýa diňlenişigi 5-nji sentýabra çenli gaýra goýdy.

Deeb 1,600 şaýadyň, şol sanda ýokary derejeli harby resmileriň çagyrylmagyna ygtyýar sorady.

Sudýa Mubaregiň sud diňlenişiginiň ozalky içeri işler ministri Habib al-Adliniň sud seljerişligi bilen birleşdiriljekdigini aýtdy. Al-Adli hem fewral aýyndaky gozgalaňda demonstranlary öldürmäge buýruk berenlikde aýyplanýar.

Mubaregiň ysgyndan gaçan sypatyna garmazdan, suduň dowamynda onuň ady tutulanda, ol çasly sesi bilen özüniň “bardygyny” mälim etdi. Mubaregiň suduň zalynda peýda bolmagynyň özi hem onuň garşydaşlaryny belli bir derejede ynjaltdy.

Iki topar

Sud binasynyň daşynda-da duýgular juda ýitidi. Müsüri 30 ýyl töweregi demir penje bilen dolandyran Mubaregiň hem tarapdarlarynyň, hem garşydaşarlarynyň arasyndaky ganygyzmalyk barha möwç alýardy.

Sud binasynyň daşynda-da duýgular juda ýitidi.
Ahmet atly bir ýaşaýjy “Reuters” habar agentligine Mubaregiň suda çekilmeginiň nädogrudygyny aýtdy. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Men 85 million ilatyň arasyndaky ýönekeý bir adam. Ýöne ýurdy biziň bilen 30 ýyl töweregi dolandyran adamy suda çekmek bolup biljek zat däl. Eger-de kimde-kim suda çekilmeli bolsa, bu ýeterlik howpsuzlygy üpjün edip bilmändigi üçin, ýurduň içeri işler ministridir, şeýle-de milliardlary ogurlan beýleki adamlardyr”.

Soňra ol şeýle diýýär: “Emma Mubarek bir harby. Biz nädip ony sud edeli? Ol ýurdy soňky 30 ýylyň dowamynda uruşsyz saklady. Hawa, ýurtda käbir kynçylyklar boldy, ýöne bu ýeke bir adamyň günäsi däl-ä. Bärde her kimiň ýalňyşy bar. Şol sebäpli biz ony sud edip bilmeris”.

Ýöne, başga bir tarapdan, Mubarege garşy çykýan Mustafa al-Ogeel atly bir raýat Müsüriň mundan beýläk öňe gidip bilmegi üçin bu sud diňlenişiginiň hökmany gerekdigini aýdýar: “Müsüriň täzeden özüniň iki aýagynda ykjam durup bilmegi üçin, biziň ählimiz bir bolmaly. Türkiýe bizden gowy däl. Amerikanyň hem bizden gowy ýeri ýok. Orsýet hem bizden gowy däl. Hiç bir senagatlaşan ýurt bizden oňat däl. Müsüriň senagata, söwda we oba-hojalygyna mätäçligi bar. Bu zatlaryň amala aşyrylmaly wagty, Hosni Mubarek nirededi? Ol Şarm el-Şeýhde ýer satýardy”.

Fewral aýynda Mubaregi işden çekilmäge mejbur eden gozgalaň döwründe 850 çemesi adam öldürilip, 6 müňden gowrak adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG