Sepleriň elýeterliligi

Breýwik çagalary nädip öldürişini görkezdi


22-nji iýuldaky wakalarda heläk bolanlaryň garyndaşlary Utoeýa adasynda, 25-nji iýul.

22-nji iýuldaky wakalarda heläk bolanlaryň garyndaşlary Utoeýa adasynda, 25-nji iýul.

Soňky günler skandinaw metbugaty ýene-de Norwegiýanyň Utoeýa adasyna örklendi, 13-nji awgustda bu ýere Anders Breýwik polisiýa goragy astynda getirildi.

Terrorçylykda aýyplanýan 32 ýaşly norwegiýalyny 22-nji iýuldaky wakalary täzeden mysaly gaýtalap görkezmegi üçin ada getirdiler. Şol gün ol bu ýerde aýylganç gyrgynçylyk edipdi. Breýwik 69 sany bigünä adamynyň ganyna galypdy. Şolaryň agramly bölegi 14 ýaşdan 19 ýaş aralygynda bolan ýetginjeklerdi.

Utoeýa adasyna metbugatyň wekillerini goýbermediler. Şonda-da Norwegiýanyň “Verdens Gang” neşiriniň žurnalistlerine adada bolup geçen wakalary jikme-jigi bilen foto we wideo hasabatyny düşürmek başartdy. VG-niň maglumatlaryna görä, Anders Breýwik Utwik parom terminalyna köp sanly ýaragly poliseýleriň goragy astynda sagat 14 töwerekleri getirilipdir. Şundan soň Breýwik “Turbern” paromy bilen Utoeýa adasyna eltildi. Ganhor şol pajygaly 22-nji iýulyň anna gününde-de hut şu parom bilen Utoeýa adasyna gelipdi. Howpsuzlyk maksatlary göz öňünde tutulyp, Breýwige bronožilet geýdirdiler. Onuň goluna gandal urulmady. Oňa derek terrorçynyň biline ýüp saralypdy, ýüpüň ujundanam poliseýleriň biri tutup durdy.

Utoeýa adasynda bolan wakalary täzeden mysaly gaýtalap görkezmek üçin sekiz sagat gerek boldy. Breýwigiň aklawçysy Geýr Lippestadyň aýtmagyna görä, onuň müşderisi bolup geçen wakany änigine-şänigine çenli ýatlap bilipdir. Derňew synagy mahaly Breýwik her saparky mäşäni gysyşyna çenli birin-birin gürrüň berdi.

Surata düşürdiler

“Anders Breýwik Utoeýada eden gyrgynçylygyny jikme-jik mysaly gaýtalap görkezen çagy we ony polisiýa düşündiren mahaly özüni parahat we sowukganly alyp bardy” diýip, VG gazeti ýazdy. Breýwik Oslonyň suduna eltilenindäkisi ýaly gyzyl switerlidi. Norwegiýaly žurnalistleriň düşüren suratlarynda Breýwigiň, hamala, pistolet saklap hem-de atyp duran ýaly edip, ellerini hereketlendirýän pursady azyndan iki sapar dagy görünýär. Raýat eşigindäki iki sany poliseý (ýazgyny soňra sudda görkezmek üçin) wakany wideokamera düşürýärdi.

Norwegiýa pajygasynyň temasyny Daniýanyň DR1 teleradiokompaniýasy-da alyp göterdi. Daniýanyň žurnalistleriniň makalasynda “Haçan-da Breýwik Utoeýa lagerinde adamlary gyrgyna beren mahaly norweg polisiýasynyň ýerde duran wertolýoty häzir ol eden gyrgynçylygyny mysaly gaýtalap görkezýärkä ýokaryk galypdy hem-de derňew synagy tamamlanýança ada gözegçilik edipdi” diýilýär. Polisiýanyň ýokardan gözegçilik etmegi tötänden däldi. Haýsydyr bir adamlaryň nähilidir bir ýol bilen derňew synygynyň geçirilýänini eşidip, adadaky tokaýlykda gizlenmegi mümkindi. Olaryň Norwegiýanyň taryhynda iň aýylganç, köpçülikleýin gyrgynçylyk etmekde aýyplanýandan öç almaklary bolup biläýjek zatdy. Şonuň üçin-de berk gözegçilik çäreleri görlüpdi.

Norwegiýaly poliseýleriň ar alynmagynyň mümkindiginden howatyrlanmaga esasam bardy. 13-nji awgustda Utoeýa adasyna köp adam ýygnandy. Olar Breýwigiň pidalarynyň hatyrasyna gül goýmak üçin ýol ugruna säginýärdiler. “Ýöne parom duralgasyna gelen awtomobilleriň birinde Anders Breýwigiň bardygyny hiç kim aňşyrmady” diýip, Norwegiýanyň NTB habarlar agentligi ýazýar. Žurnalistler Utoeýadaky derňew synagy mahaly Anders Breýwigiň ilkinji sapar türmäniň daşyna çykandygyny belleýärler. Ol mundan üç hepde ozal Oslonyň sudunyň karary boýunça gazamada gabalypdy. Derňew synagy tamamlanandan soň, Breýwik poliseýleriň goragy astynda Utwigiň parom terminalyna getirildi we şu ýerden agşam sagat 10-da ýene-de türmä eltildi.

Çekişme döretdi

Anders Breýwigiň jenaýat eden ýerine getirilmegi, has dogrusy, bu babatda metbugatyň gowur turuzmagy Norwegiýanyň jemgyýetçiliginde çekişme döretdi.

—Meniň pikirimçe, polisiýanyň derňew synaglary üçin Anders Bering Breýwigiň Utoeýa getirilmegi maksada laýyk. Ýöne şonuň bilen birlikde pajyganyň bolup geçen ýerinden žurnalistik wideo we surata düşürilişi zerurlyk däldi, “Verdens Gang” gazeti-de şol şekilleri çap etmekden saklanyp bilerdi. Wepat bolanlaryň ata-eneleri, hossarlary üçin gazetleriň birinji sahypasynda ganhory jenaýat eden ýerinde görmegi iňňän jebirli synagdy — diýip, Utoeýa adasyndaky terakt zerarly ejir çekenleriň birnäçe maşgalasynyň talaplaryny goraýan norwegiýaly aklawçy Mette Iwonn Larsen aýdýar.

Ýöne şeýle nukdaý nazar bilen norwegiýaly žurnalistler ylalaşmaýarlar. VG-niň baş redaktory Torri Pedersen özüniň NTB habarlar agentligine beren interwýusynda Utoeýadan düşürilen suratlar ulanyljak mahaly olara akylly-başly çemeleşilendigini aýdýar:

— Neşiriň kagyz görnüşindäkisiniň birinji sahypasynda çykarylan suratlara üns beriň. Juda çytraşaýmasaň ganhoruň adada gezip ýörşüni açyk seljermek mümkin däl. Şeýtmegimiziň emmasy bar. Okyjy gazetiň birinji sahypasyny göreninden satyn almalymy ýa-da almaly däl — şuny saýlamagy olaryň özlerine goýduk. Sebäbi gazetiň içki sahypalarynda has dartgynly suratlar ýerleşdirilipdi. Aslynda, bu terakt diňe ýeke-täk žurnalistikanyň serişdeleri bilen beýan ederden juda çylşyrymly iş. Bu pajyga hemme taraplaýyn çemeleşmek gerek. Şonuň bilen birlikde-de wepat bolanlaryň maşgalalarynyň duýgularyny göz öňünde tutup, muňa iňňän seresap çemeleşmeli.

Sergeý Janýan Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG