Sepleriň elýeterliligi

Belli bolşy ýaly, saýlaw çärelerinde wagyz işleri möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky kanunyň 37-nji maddasynyň 1-nji bendinde wagyz işlerini geçirmegiň möhleti "Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýar we saýalawlar gününden bir gün öň bes edilýär" diýlip, anyk kesgitlenendir.

Ine, saýlawlaryň şu düzgüni yglan edilip-edilmänkä, ony türkmen mediasynyň bozup başlamagy bu syýasy kampaniýanyň adalatly boljakdygyna güman bildirmäge esas berýär. Bu babatda, aýratynam, Annamyrat Poladowyň ýolbaşçylygyndaky "Türkmenistan" gazetiniň has jan çekýändigini aýtmak mümkin.

Bu neşir ilkinji bolup, eýýäm 4-nji awgustdaky sanyndan başlap "Türkmen ili Prezident saýlawlaryna barýar" diýen rubrikany açdy. Şol rubrikanyň astynda geljekki saýlawlarda prezidentlige dalaşgär boljakdygy ikuçsyz häzirki döwlet baştutanyny mahabatlandyrýan materiallary berip başlady.

Bu rubrikanyň ilkinji wagyz materialynyň şahyrana eser bolmagy prezidentlige kandidat boljaklaryň biriniň wagyz işleriniň görlüp-eşidilmedik hörpde, giň gerimde alnyp baryljakdygyny görkezýärmikä diýýärin. Onuň bissimillasy hökmünde Nobatguly Rejebowyň bir gazet sahypalyk "Galkyn, döwletli diýar" waspnamasy çap edildi. Onda häzirki prezident beýik müňýyllygyň lideri, türkmeniň parasady, paýhasy, Oguzhan kimin serdar, danadan dana, beýikden beýik diýlip taryplanýar. Onsoň şeýle adamyň deňinde başga bir dalaşgäri görüp bolarmy, goýup bolarmy?

Neşiriň baş redaktory-da öz bir gazet sahypalyk "Halk söýenin–hak söýer" sözbaşyly makalasy bilen şahyrdan kem oturmaýar. Onda Berdimuhamedowyň prezidentlik döwründe bitiren işleri birin-birin sanalmaga çalşylýar, tarypy ýetirilýär. Makalasyny Poladow: "Aslyňa hem-de ýagşyzada asylly, maksada okgunly prezidentiňe guwan, Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna ynamly barýan, merdana türkmen" diýen çagyryş bilen tamamlaýar.

Eýsem, Merkezi saýlaw topary saýlawlar hakyndaky kanunyň şu wagtdan bozulyp başlamagyna sesini çykaryp bilermi? Elbetde, ýok. Onsoň saýlawlaryň demokratik ülňülere sähelçe gabat geljegi-de gümanadyr.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG