Sepleriň elýeterliligi

Täze binada taýýarlanjak gepleşikler gyzykly bolarmy?


Aşgabadyň we şäher eteginiň islendik ýerinden görünýän täze inženerçilik-tehnika binasynyň beýikligi 211 metr bolup, ol Türkiýäniň “Polimeks” kampaniýasy tarapyndan gurulýar.

Aşgabadyň we şäher eteginiň islendik ýerinden görünýän täze inženerçilik-tehnika binasynyň beýikligi 211 metr bolup, ol Türkiýäniň “Polimeks” kampaniýasy tarapyndan gurulýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy awgustda paýtagt Aşgabadyň günorta-günbatarynda gurulýan täze telewizion diňiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Aşgabadyň we şäher eteginiň islendik ýerinden görünýän täze inženerçilik-tehnika binasynyň beýikligi 211 metr bolup, ol Türkiýäniň “Polimeks” kampaniýasy tarapyndan gurulýar.

Telewizion diňiň içerki binalarynyň meýdanynyň 60 müň kwadrat metrden hem köpdügi we ol ýerde tele-žurnalistleriň işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigi, iň täze enjamlar bilen abzallaşdyrylan iş otaglarynyň we studiýalaryň bardygy aýdylýar.

TDH-niň ýazmagyna görä, bu proýektiň durmuşa geçirilmegi ýurduň telekommunikasiýa pudagynyň häzirki zamanyň talaplary esasynda mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi, milli radio-telewideniýäniň ösüşi üçin ädilen nobatdaky netijeli ädim bolar.

Berdimuhamedow täze binanyň gurluşygy bilen tanşyp, onuň abzallaşdyrylmagy bilen bagly anyk teklipler edipdir. Şeýle-de prezident degişli ýolbaşçylara täze binada taýýarlanjak gepleşikiler barada anyk tabşyryklar berdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen lideri häkimiýet başyna geleli bäri metbugat wekillerinden, döredijilik intellegensiýasyndan nägile görünýär. Ol žurnalistleriň “täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda” ýetilen diýilýän sepgitleri, gazanylan diýilýän üstünlikleri ýokary çeperçilik, çuň mazmun, şol sanda häzirki zamanyň görnüş bezegleri bilen beýan etmelidigini, taýýarlanýan gepleşikleriň tomaşaçylara hakykatdanam gyzykly bolmalydygyny aýdýar.

"Talaplar real däl"

Ýöne synçylar prezident Berdimuhamedowyň döwlet mediasynda işleýän žurnalistleriň öňünde goýýan talaplarynyň real däldigini, şu sebäpden türkmen tele-radio gepleşikleriniň täze binada taýýarlananlarynyň hem halk üçin beýle gyzykly boljagyna ynanmaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmen mediasynyň ýolbaşçylary hökümet ýygnagynda, 2011-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
Azat Ýewropa we Azatlyk radiostansiýalarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, türkmen lideriniň tele-radio gepleşikleri, gazetleri halka has gyzykly etmek baradaky çagyryşlary çyn ýürekden aýdylmaýar.

“Türkmen mediasynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlar işde saklanmagyň we wezipe basgançagynda ösmegiň ýeke-täk ýolunyň lideri öwmekdedigine gowy düşünýärler. Şu sebäpden olar ýurtda edilýär diýilýän beýik işleri, döwlet baştutanynyň nähili beýik işler bilen meşguldygyny yzygider gaýtalamaly bolýarlar. Emma ýurduň ilaty şol ýerde ýaşaýar we olar bolýan zatlary, durmuş-ýaşaýşyň o diýen gowulaşmaýandygyny her gün görýärler” diýip, ekspert aýdýar.

Panniýeriň pikirine görä, Türkmenistanda halkyň, telewideniýede görmekden ýa olar baradaky radiogepleşikleri diňlemekden, gazetlerde ýazylýan zatlary okamakdan başga, ýurt ýolbaşçylary bilen hakyky baglanyşygy ýok we beýle ýagdaýda metbugaty gyzykly ýa ilhalar etmek gaty kyn bolar.

Goňşularymyzda

Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň gepleşiklerine goňşy Eýranda we Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň köpüsi öz taryhy watanlary bilen bir baglanyşyk hökmünde seredýär. Eýranly türkmenler sowet ýyllarynda türkmen radiosynyň gepleşiklerini ürç edip diňländiklerini, hatda irden dutaryň owazyna oýananmagy adat edinendiklerini gürrüň berýärler. Ýöne indi bu ýagdaý üýtgäpdir, ýagny türkmen mediasyna bolan höwes azalypdyr.

Owganystanda ýaşaýan türkmen ahuny Habybylla Hakgany türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerine türkmen-owgan serehetine golaý ýerlerde tomaşa edip bolýandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, bu gepleşiklere tomaşa edýän adamyň ilki gözüne ilýän zat žuranlistleriň azat däldigi bolýar.

“Türkmen telegepleşiklerini görüp ýörseň bir zat aýratyn gözüňe ilýär, olam azatlygyň ýokdugy” diýip, Hakgany aýdýar. “Telewideniýede bir gepleşik guralsa ýa žurnalistleriň biri birinden bir zat sorasa, ilki bilen prezidenti öwüp başlaýarlar we bu öwgi has hetdinden aşyrylýar.”

Habybulla Hakgany Owganystanda bir topar howpsuzlyk meseleleriniň we beýleki kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, metbugatyň azatdygyny, şu sebäpden halkyň ýerli telegepleşiklere höwes bilen tomaşa edýändigini aýdýar. Owganystanly ahunyň pikiriçe, medianyň ilhalar bolmagy žurnalistleriň öz işini azat-erkin edip bilmegine bagly.

Žurnalist Brýus Panniýeriň pikirine görä, Türkmenistanda halkyň çanak antennalary arkaly başga ýurtlaryň, hususan-da Orsýetiň telewideniýesine tomaşa etmegi türkmen mediasynyň öz wezipesini amala aşyryp bilmeýändiginiň bir görkezijisi. “Bu ýagdaýy prezidentiň gazandy diýilýän “beýik üstünlikleri” ýa-da bolmasa onuň geçirýän hökümet maslahatlary barada has kän ýazmak we gepleşik taýýarlamak bilen üýtgedip bolmaz” diýip, Panniýer aýdýar.

TDH-niň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow täze binanyň gurluşygy bilen tanşanda degişli ýolbaşçylara täze döredilýän “Aşgabat” we “Sport” telekanallary bilen bagly meseleleri hem mynasyp derejede ýola goýmagy tabşyrypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG