Sepleriň elýeterliligi

Polşada Baş prokuraturanyň iki resmisi wezipeden boşadyldy


Polşada ýurduň Baş prokuraturasynyň iki sany resmisi Belarusa maglumat bermäge dahylly bolandyklary üçin, wezipelerinden boşadyldy. Maglumatlaryň berilmegi netijesinde belli hukuk goraýjy aktiwist tussag edilipdi.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski maglumatlaryň berleni üçin, geçen hepde ötünç sorapdy. Onuň aýtmagyna görä, Polşanyň Baş prokuraturasy Minskiň haýyşy boýunça Ales Býalýatskiniň we başga-da birnäçe belarus oppozisiýa aktiwistiniň bank hasaplary barada maglumat beripdir.

Býalýatskiý şu aýyň başynda salgyt galplyklarynda aýyplanyp, Belarusda tussag edilipdi. Eger-de günäsi subut edilse, oňa ýedi ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpy bar.

“Amnesty International” ony “wyždan ýesiri” diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG