Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda 83 adam prezident bolmak isleýär


Gyrgyzystanda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek üçin 83 adam özüniň adyny beripdir. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy maglumat berýär.

Duşenbe güni gije ýaryna çenli kesgitlenen soňky möhlete çenli partiýalardan jemi 16 kandidat hödürlendi, galan dalaşgärler öz-özlerini hödürlediler.

Indi ol kandidatlar saýlaw býulletenlerinde atlarynyň goýulmagy üçin azyndan 30,000 töweregi gol toplamaly, 100,000 som ($2239) tölemeli, şeýle-de telewideniýede göni efirde döwlet dili boýunça test tabşyrmaly.

Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary 30-njy oktýabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG