Sepleriň elýeterliligi

“Dörtlük” Ysraýylyň gurluşyk planlaryna alada bildirdi


Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan “dörtlük” Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenarynda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky planyny tankytlady.

Bu planyň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky ýaraşyk tagallalaryna howp abandyryp biljekdigi hem nygtaldy.

“Dörtlügiň”, ýagny Ýewropa Bileleşigiň, Orsýetiň, BMG-niň we ABŞ-nyň bilelikde ýaýradan beýanatynda “Ysraýylyň Ariel we Gündogar Ierusalim regionlarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurjakdygyny mälim etmeginiň juda alada goýýandygy” aýdylýar.

Beýanatda bellenmegine görä, Ierusalimiň geljegi gepleşikler arkaly kesgitlenmelidir.

Duşenbe güni Ysraýyl Iordan derýasynyň çep kenarynda 277 sany ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna rugsat berendigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG