Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýadro gepleşikleri boýunça Orsýetiň planyny goldaýar


Eýran özüniň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň gaýtadan başlanmagy babatda Orsýetiň hödürleýän planyny goldaýar. Bu barada ýurduň prezidenti Mahmut Ahmedinejad aýdýar.

Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew Tährana sapar edip, Eýranyň resmileri, şol sanda özüniň eýranly kärdeşi Seýid Jalili bilen duşuşdy.

Patruşew Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada dünýäniň alty döwleti tarapyndan alnyp barlan gepleşikleri dikeltmek boýunça gepleşik geçirdi.

Eýran bilen Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we Birleşen Ştatlar tarapyndan alnyp barylýan gepleşikler ýanwar aýynda petige diräpdi.

Orsýetiň hödürleýän planynda Tähranyň ýadro boýunça eden her bir oňaýly ädimi üçin, oňa garşy girizilen sanksiýalaryň tapgyrlaýyn gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG