Sepleriň elýeterliligi

“Al-Jazeera” telekanalynyň palestinaly işgäri tussag edilipdir


“Al-Jazeera” telekanalynyň aýtmagyna görä, onuň Owganystan býurosynyň palestinaly başlygy Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilipdir.

Habara görä, Samer Alawaýi Iordan derýasynyň okkupirlenen günbatar kenaryna baranda, “Hamasa” dahyllylykda aýyplanyp, tussag edilipdir.

“Al-Jazeera” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, Samer Alawaýi Iordaniýa geçmekçi bolanda ele salnypdyr.

Telekompaniýa Alawaýiniň Palestinanyň Nablus şäherinde ýaşaýan maşgalasyny görmäge barandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG