Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ykdysadyýeti boýunça bäş sorag


Orsýetiň RTS maliýe biržasynda, Moskwa, 11-nji awgust.

Orsýetiň RTS maliýe biržasynda, Moskwa, 11-nji awgust.

Dünýä maliýe bazarlaryndaky soňky bulaşyklyklar Orsýetiň ykdysadyýetine hem täsir etdi, rubluň hümmeti bolsa 3,9 prosent pese gaçdy. Orsýetiň ykdysadyýeti, esasan, ýurduň nebit we gaz eksportyna daýanýar. Ýurduň bu pudagy bolsa diwersifikasiýa juda mätäç.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ýewropa bölüminiň redaktory Braýn Uitmor bu ýagdaýlar barada Rus gullugynyň ykdysadyýet boýunça analitigi Sergeý Seninskiý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Günbatarda ykdysadyýetiň depginleriniň peselmegi, şeýle-de pul bazarlaryndaky ýüz berýän krizis Orsýetiň ykdysadyýetine nähili täsir ýetirdi?

Sergeý Seninskiý: Gönüden-göni täsir onçakly bir uly bolmady. Bu diňe Orsýetiň pul bazarlaryna öz täsirini ýetirdi, sebäbi olaryň satuwynyň agramly bölegi daşary ýurt inwestorlarynyň paýyna düşýär. Orsýetiň bazary Günbataryň bazarlaryndaky bolýan ýagdaýlary azda-kände gaýtalaýar. Orsýetiň ykdysadyýeti henizem dünýä ykdysadyýetinden juda üzňelikde galýar.

Günbatarda ykdysady ösüşiň peselendigine garamazdan, Orsýetiň esasy eksport harydy - nebite bolan talap peselmän, gaýta artmagyny dowam etdirýär. Nebitiň bahasy, ozal hem bolşy ýaly, Orsýetiň ykdysadyýetiniň ösüşiniň düýp faktorlarynyň biri bolup galýar. Mundan 3-4 ýyl ozal ekspertler, elbetde, beýleki faktorlar bilen birlikde, juda ýönekeýje bir formulany orta atdylar: nebitiň bahasynyň ýyllyk 10$ artmagy Orsýetiň ykdysadyýetinde 1% ösüşi döredýär we tersine. Bu gatnaşyk häzir hem öz güýjüni belli bir derejede saklaýar.

Ýöne, käbir ekspertleriň pikiriçe, Orsýetiň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin, indi nebitiň bahasy 10$-dan has köp artmaly. Krizis sebäpli, Orsýetiň ykdysadyýeti nebitden gelen girdejilerini öňküden tapawutlylykda haýal harçlaýar. Biznes özüniň planlarynda has konserwatiw boldy. Nebitiň dünýädäki bahasy şu ýylyň maýynda nobatky gezek dik depä çyksa-da, ondan bäri bu görkeziji 25% töweregi pese gaçdy. Ýöne Orsýetiň jemi içerki önümi 2011-nji ýylyň ikinji çärýeginde, geçen ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende 3,4% artdy. Birinji çärýekde ösüş 4,1%-e deň bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Eger-de ösüş nebitiň bahasyna beýle bagly bolsa, onda bu ösüş näderejede ygtybarly?

Sergeý Seninskiý: Ine, meseläniň asyl kynçylygy hem şu ýerde. Orsýetiň ykdysadyýetinde çig mal sektory agalyk edýär. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky ýüzlerçe kompaniýalar çig mal sektoryndan gelýän tabşyryklara bagly. Munuň netijesinde, haçan-da nebitiň bahasy pese gaçyp, nebit-gaz kompaniýalarynyň girdejileri peselende, bu dessine tutuş ykdysadyýete hem öz täsirini ýetirýär.

Bu garaşlylygy peseltmek üçin, Orsýetiň ykdysadyýetiniň içginden diwersifikasiýa edilmegi zerur. Ýagny, çig-mal senagatyndan ötri beýlekileriň hem talaplaryna laýyklykda häzirki zaman önümleri we hyzmatlary öndürip biljek täze, ýokary tehnologiýaly pudaklar özleşdirilmeli. Elbetde, olaryň dünýä bazarynda hem bäsleşmäge ukyby bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Orsýetden kapitalyň çykarylmagy rubluň alyş-çalyş derejesine öz täsirini ýetirdimi?

Sergeý Seninskiý: Elbetde. Dogrusy, häzirki ýagdaýda, munuň özi juda bir özboluşly. Men düşündirmäge synanyşaýyn. Kapitalyň çykmagy diýmek – ýurtdan çykýan puluň möçberi ýurduň içine gelýäninden has köp diýildigi. Muňa nebit-gaz sektoryndan gelýän girdejiler hem girýär. Diňe soňky alty aýyň hasabyna, bu “açyk akyp gidiş” 50 milliard dollardan hem aşdy. Deňeşdirme üçin aýdylsa, bu Orsýetiň ýygnan ähli pul (walýuta) rezerwleriniň ondan bir bölegidir.

Nebitden gelýän girdejiler sebäpli rubluň has berkemeginiň öňüni almak üçin, Merkezi Bank olary pul bazarlarynda satyn alýar. Muny amala aşyrmak üçin täze rubllar çap edilmeli bolýar. Bular ýurduň ykdysadyýetine ornaşandan soň, inflýasiýanyň artmagyna getirýär. Ýöne ýurduň içine gelýän dollarlaryň aglaba bölegi soňra öz-özünden, ýagny kapitalyň akmasy görnüşinde ýurtdan çyksa, onda Merkezi banka rubllary has az möçberde çap etmäge mümkinçilik döreýär. Munuň geçen ýylyň güýzünden bäri amala aşyrylýandygyny görmek bolýar. Ýeri gelende aýdylsa, soňky aýlarda ýurtda inflýasiýanyň gaty peselmegine getiren esasy faktorlaryň biri hem hut şu boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýöne geçen hepde, dünýäniň pul bazarlarynda pese gaçyşlyklar ýüze çykanda, Orsýetiň rubly hem amerikanyň dollaryna görä 3% peseldi.

Sergeý Seninskiý: Hawa, bu sişenbe güni, 9-njy awgustda boldy. Ýöne hatda şeýle pese gaçyş hem Merkezi bankyň bir günüň dowamynda rubluň üýtgemegi üçin kesgitlän walýuta geçelgesine laýyk gelýärdi. Haçan-da kurs bu geçelgäniň iň aşaky derejesine golaýlanda, Merkezi bankyň azajyk hem bolsa bu ýagdaýlara goşulmagy, rubluň hümmetiniň ýene-de artyp başlamagy üçin ýeterlik bolupdy.

Umuman, soňky hepdeleriň dowamynda rubluň dollara bolan gatnaşygy 3,9% peseldi. Ýurduň içine gelýän pullaryň möçberini kesgitleýän - nebitiň bahasynyň ýokary bolmagy, şeýle-de Orýsetiň Merkezi bankynyň toplan pul rezerwleri göz öňünde tutulsa, onda rubluň güýçli sarsmagynyň diňe Merkezi bankyň özüniň goşulmagy netijesinde mümkin boljakdygyny aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Onda bu ýagdaý ýakyn geljekde rubluň basyş astyna düşmejekdigini aňladýarmy?

Sergeý Seninskiý: Ýok, aňlatmaýar. Bu esasan hem içerki faktorlar sebäplidir. 2010-njy ýylyň güýzünden bäri Orsýete edilýän importyň derejesi göz-görtele artdy. Krizisiň (2008-09) has ýiti etaby arkada galdy, nebitiň ýokary bahasy ýurda walýutanyň gelmegine sebäp bolup, goşmaça talaby döredýär.

Ýöne Orsýetiň aglaba kompaniýalarynyň häzirlikçe daşary ýurt garşydaşlarynyň hödürleýän şahsy, şeýle-de senagat harytlaryny we hyzmatlaryny bäsdeşlik derejedäki bahada we hilde hödürlemäge mümkinçiligi ýok. Bulary hödürläp bilýän kompaniýalaryň köpüsi hem önümçilikde daşary ýurtdan getirilen enjamlary ulanýar. Netijede, häzir Orsýetiň import derejesi eksportdan üç esse ýokarydyr. Eger-de beýle gatnaşyk dowam etse, onda ekspertleriň hasaplaryna görä, 2012-nji ýylyň soňunda, 2013-nji ýylyň başynda Orsýetiň söwda balansynyň saldosynyň bozulmagy mümkin bolup biler. Eger-de şol wagta çenli nebitiň bahasy-da pese gaçsa, onda ýurda gelýän walýutanyň möçberi birdenkä peselip, oňa bolan talap artar.
XS
SM
MD
LG