Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow telewizion diňiniň gurluşygy bilen tanyşdy


Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta-günbatarynda täze gurulýan telewizion diňiň gurluşygy bilen ýakyndan tanyşdy.

Köpetdagyň dag gerişlerinden biriniň üstünde Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy tarapyndan gurulýan bu diňiň beýikligi 211 metr bolar.

Bu gurluşyk obýektiniň ýanynda Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen duşuşan prezident Berdimuhamedow bu telewizion diňden beriljek geljekki programmalar barada-da degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Şu hepdäniň başynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow Aşgabatdaky ähli ýaşaýyş jaýlarynyň üstünden sputnik antennalarynyň aýrylmagyna görkezme beripdi.

Şol görkezmäniň yzy bilen, käbir habar serişdelerinde ýakyn wagtlarda Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň şu täze gurulýan telewizion diňden beriljek gepleşiklere tomaşa edip başlajakdyklary barada maglumatlar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG