Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýadan ençeme işgärini yzyna çagyrýar


Şu gün Birleşen Milletler Guramasy Siriýadan öz işgärleriniň aglabasyny yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Hususan-da, BMG-niň ýörite koordinatory Mişel Wilýams häzirki wagt Siriýadan bu guramanyň 26 sany işgäriniň we olaryň maşgala agzalarynyň çykarylandygyny aýtdy. Ol bu çäreleri bu ýurtdaky dartgynly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrdy.

Bu wakalaryň fonunda Siriýanyň häkimiýetleri ýurduň dürli şäherlerinde raýatlaryň protest çykyşlaryny basyp ýatyrmak boýunça gazaply çärelerini dowam etdirýärler. Ýerli aktiwistler şu gün ýurduň Damask we Latakiýa şäherlerinde onlarça aktiwistiň tussag edilendigini habar berdiler.

Aktiwistler şu ýylyň mart aýyndan bäri dowam edip gelýän protest çykyşlarynyň barşynda hökümet güýçleri tarapyndan azyndan 1 müň 700 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG