Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Eýranyň resmileri duşuşyk geçirýär


Şu gün Orsýet bilen Eýranyň daşary işler ministrleri Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Orsýetiň taýýarlaýan täze taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwada duşuşdylar.

Moskwanyň taýýarlaýan bu taslamasy Tährandan edilýän käbir talaplaryň ýerine ýetirilmeginiň öwezine Birleşen Milletler Guramasynyň ulanyp gelýän sanksiýalarynyň ýeňilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bu barada geçiren gepleşiklerinden soň eden çykyşynda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Orsýetiň öňe sürýän tekliplerine, umuman, oňyn baha berýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol bu teklipleri Eýranyň içgin öwrenjekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG