Sepleriň elýeterliligi

Britaniýadaky bulagaýçylyklar boýunça iki adama ýyl kesildi


Sişenbe güni giçlik Britaniýanyň sudy bu ýurduň iki raýatyny ýakynda gurnalan bulagaýçylyklary öjükdirmekde günäli tapyp, olaryň her birini 4 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Tussaglyga höküm edilen 20 ýaşly Jordan Blakşaw bilen 22 ýaşly Perri Sutkliff-Kinan «Feýsbuk» internet saýtynyň üsti bilen bulagaýçylyklary gurnamakda hem-de ony ugrukdyrmakda günäli tapyldy.

Geçen hepde Britaniýanyň dürli şäherlerinde dört gün dowam eden şol bulagaýçylyklaryň dowamynda köp dükanlar, ýaşaýyş jaýlary we ofisler talanyp, binalardyr emläkler oda ýakyldy. Şol wakalarda jemi 5 adam öldi.
XS
SM
MD
LG