Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki bomba hüjüminde 7 esger heläk boldy


Şu gün Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Hakkari regionynda bir harby ulag kerwenine kürt söweşijileriniň eden hüjüminde 7 esger öldi.

Türkiýäniň harby resmileri bu wakada kürt söweşijileriniň ýol gyrasynda öňünden goýlan minalary partladyp, hüjüm edendiklerini habar berdiler.

Yrak bilen serhetleşýän bu Hakkari regionynyň aglaba ilaty kürt raýatlaryndan ybarat.

Şu günki amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini Kürdüstan Işçiler Partiýasy öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy. Bu gurama Türkiýede we käbir beýleki ýurtlarda ekstremistik bikanun gurama diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG