Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sosial setler halkara medianyň durkuny üýtgedýär


Protestçiler Müsüriň Telewideniýe merkeziniň daşynda, Kair, 2011-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Protestçiler Müsüriň Telewideniýe merkeziniň daşynda, Kair, 2011-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Simon Spanswik düýbi Londonda ýerleşýän Halkara teleradiogepleşikler boýunça media assosiasiýasynyň (AIB) başlygy. Bu gurama global derejede radio we telewizion hyzmatlarynyň ösdürilmegi boýunça iş alyp barýar. Ýakynda ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda myhmançylykda boldy. Azatlyk Radiosy Simon Spanswik bilen sosial habar setleriniň jemgyýetdäki roly barada ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Spanswik, soňky wagtlar halkara derejesinde maglumat alyşmak boýunça dürli sosial setleriň peýda bolmagy bilen, radio-telewideniýäniň rolunda nähili özgerişlikler ýüze çykdy?

S.Spanswik: Häzirki wagt ululy-kiçili halkara radio-telewideniýe kompaniýalary sosial habar setleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başladylar. Sosial habar setleri örän täze zat.

Ynha, “Feýsbuky” alyp görsek, onuň peýda bolanyna bary-ýogy birnäçe ýyl boldy. Emma, muňa garamazdan, ol tutuş dünýä boýunça giň ýaýrady we adamlar ony eýýäm giňden ulanyp ýörler.

Bu ugurda iň bir gyzykly statistiki görkezijilerden birem “Feýsbuky” iň köp ulanýan ýurtlaryň biriniň Indoneziýadygydyr. Dünýäniň islendik bir beýleki şäheri bilen deňeşdireninde, “Feýsbukda” gündelik iň köp maglumat ýerleşdirýän şäher Indoneziýanyň Jakarta şäheridir.

Meniň hut özüm üçin bu örän garaşylmadyk zat. Men iň köp maglumat ýerleşdirýän şäher Nýu-Ýork ýa London ýa Pariž bolar diýip pikir edýärdim. Munuň özi “Feýsbuk” ýaly aragatnaşyk guralynyň hökman ony döredijileriň watany bolan Amerikanyň bazarynda meşhur bolmak bilen çäklenip durmaýandygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Ýöne, eýsem, awtoritar režimler täze sosial setleriň bil baglaýan gurallary bolan mobil telefon aragatnaşyklaryny kesmek ýaly metodlary ulanyp, bu işe böwet döredip bilmezlermi?

Simon Spanswik
S.Spanswik: Elbetde, olar bu setlere kontrollyk etmegiň ýollaryny tapýarlar. Bu barada hiç hili şübhe bolup bilmez. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, olar bu täze sosial setleriň berýän netijelerindenem gorkýarlar.

Biz Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar regionlarynda şu ýylyň soňky aýlarynda sosial setleriň we “Twitter” ýaly saýtlaryň rewolýusiýanyň ýaýramagyna sebäp bolandygyny görýäris.

Elbetde, bu diktatorlar üçin örän alada dörediji alamat. Biz eýýäm diktatorlardan ikisiniň şol sosial media serişdeleriniň göni täsiri netijesinde häkimiýetden gidendigini görýäris. Bular ýaly zatlar mundan ozal hiç haçan bolmandy.

Soňky günler bolsa Britan korollygynda bulagaýçylyklaryň “Twitter” we “Blakberri Messenjer” ýaly gurallaryny ulanyp, bulagaýçylyklary gurnaýandyklaryny görýäris.

Görşümiz ýaly, bu mehanizmler hatda demokratik ýurtlarda-da alada döredýär. Sosial medianyň örňemek prosesi mundan beýlägem dowam eder. Onuň depgininiň peseljekdigini görkezýän hiç hili alamak ýok.

Azatlyk Radiosy: Jenap Spanswik, beýleki tarapdan biz soňky wagtlar Hytaý we Eýran ýaly ýurtlaryň, şol sanda Katarda ýerleşýän “Al-Jazeera” kanalynyň, iňlis dilinde gepleşik berýän halkara telewideniýelerini-de ulanyp başlandyklaryna şaýat bolýarys. Eýsem, şular ýaly täze halkara tele-kompaniýalaryň işi-de ugrugar diýip garaşyp bolarmy?

S.Spanswik: Islendik bir gurama üçin täze telekanalyň, ýagny, halkara telekanalynyň işini ýola goýmak we müşderilere öz sesiňi eşitdirip, olaryň ünsüni özüňe çekmek ullakan synag. Bular ýaly işde marketing çäreleri, kabel setlerine we göni sputnik setlerine çykmak çäreleri üçin örän köp çykdajy etmeli bolýar.

Emma biz bu halkara kompaniýalaryndan köpüsiniň henize çenli bu ugurdaky marketing işleri üçin köp pul sarp edýändiklerini görmeýäris. Hut şoňa görä-de, meniň pikirimçe, sosial setler öňe çykyp, dünýä ýaýramak bilen bolýar.

Bu öz gezeginde maglumat ýaýratmagyň arzan ýoly bolup durýar. Sosial setleriň üsti bilen marketing çärelerini ýola goýmak hem örän effektiw çärä öwrülip biler.
XS
SM
MD
LG