Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň täze nesli


Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş žurnalistler “Deutsche Welle” bilen ÝHHG-niň akademiýasy tarapyndan gurnalan kurslarda, 2011-nji ýylyň 11-nji iýuly.

Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş žurnalistler “Deutsche Welle” bilen ÝHHG-niň akademiýasy tarapyndan gurnalan kurslarda, 2011-nji ýylyň 11-nji iýuly.

Bişkegiň merkezinde ýörite tomus aýlary üçin gurnalan mekdepde mugallym Nataşa Ýefimowa özüniň bir kiçeňräk topardan ybarat studentleri bilen salamlaşýar. Bularyň hemmesi Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş žurnalistler. Tomus mekdebini maliýeleşdiren Germaniýanyň halkara radio stansiýasy “Deutsche Welle” bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň akademiýasy.

Bu ýerde geçirilýän 10 hepdelik programmada studentlere telewideniýe, metbugat we radio žurnalistikasynyň düýp prinsipleri öwredilýär. Mundan maksat işleýän bu žurnalistlere Merkezi Aziýada habar toplaýan täze nesil hökmünde öz jogapkärçiliklerini we hukuklaryny synagdan geçirmekleri üçin goltgy bermek.

Ýöne Ýefimowanyň aýtmagyna görä, bu klasyň ähmiýeti onuň Merkezi Aziýanyň bütinleý tapawutly regionlaryndan gelýänlere bir otagda ýygnanyp, özleriniň adaty serhetlerinden daşary seretmäge mümkinçilik berýänligi.

“Täjigistandan gelen bir gyz bardy. Ol Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet konfliktiniň ýönekeý adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýändigi barada bir makala ýazdy. Özbegistandan gelen bir gyz hem Gyrgyzystanda bolan iýun wakalaryndan soň, selektiw adalat barada we bu wakalaryň aýratyn-da özbekleri ynjydandygyny ýazdy. Ýene bir özbek gyzy hem Gyrgyzystanda özbek dilindäki mekdepler hakda makala ýazdy. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde bolan wakalary öz ýurduňdaky okyjylara ýetirmek pikiri” diýip, Ýefimowa aýdýar.

Sowet Soýuzy özüniň “halklaryň dostlugy” idealy bilen uniwersitetleri, sport mekdeplerini we hatda goşunyň köp hatarlaryny ulanyp, dürli milletleriň özara garyşmagy üçin ençeme mümkinçilik döredipdi. Ýöne Sowet Soýuzy dargansoň, bu zatlar aradan aýryldy.

Milli kimlik

Öňki Sowet Soýuzynyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Merkezi Aziýada-da köp ýurtlar geçen 20 ýyllyk döwri milli kimlik düşünjesini täzeden esaslandyrmak bilen geçirdiler. Ýöne munuň beren netijleri uçdantutma gowy netijeler bolmady. Serhet dawalary, suw we baýlygyň deň derejede paýlanmanlygy köp goňşularyň arasyna agzalalyk saldy.

Gazagystanda, Özbegistanda we Täjigistanda häzirem sowet döwründen galan hökümdarlar agalyk edýärler. Türkmenistan özüniň ilkinji postsowet liderini 2006-njy ýylda alan bolsa-da, repressiýadan dynanok.

Gyrgyz çaknyşyklary barada barlag geçiren halkara derňew komissiýasynda baş barlagçy bolup işlän Anna Matweýewa Merkezi Aziýany gowgaly goňşulary tarapyndan has durnuksyzlaşdyrylan gowgaly region diýip suratlandyrýar.

“Galagop töwerek. Owganystan bilen Eýran regionyň günorta serhetlerinde Orta Aziýa döwletleriniň arasynda, elbetde, köp ünji döredýär. Ondan soň hem toprak we kimlik barada taryhy talaplar, resurslary bölüşmek barada hem täze talaplar bar. Tranzit we transport üsti bilen her kim paý aljak bolýar. Bu hem goňşularyň arasynda, aýratyn-da Orta Aziýanyň gündogar bölegindäki goňşularyň arasynda dartgynlylyk döredýär” diýip, Matweýewa aýdýar.

Ýöne hemmeler bu pikirde däl. 24 ýaşly täjigistanly Sawrinoz Faýzowa ilkinji gezek öz ýurdundan daşary sapar edip, Bişkekdäki mekdebe gatnaşypdyr. Ol şeýle diýýär: “Biziň aramyzda gaty köp umumylyklar bar. Her bir ýurduň problemasy şol bir problema – maglumatyň elýeterliligi. Baran ilkinji günümiz hemmeleriň aýdan ilkinji zady: ‘Biz maglumat alyp bilemzok, pikirlerimizi isleýşimiz ýaly aýtmaga bize erkinlik ýok’ diýmek boldy. Men bizde, Täjigistanda, bar bolan kanunlaryň we çäklendirmeleriň Gyrgyzystandada, Gazagystanda-da, Özbegistanda-da bardygyny şonda görüp galdym”.

Postsowet elitasynyň ilkinji nesli

Syýasy reformalary öňe ilerletmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň haýal gymyldaýan bolmagy mümkin. Ýöne köp babatlarda olar postsowet elitasynyň ilkinji neslini ösdürip ýetişdirmäge höwesjeň görünýärler. Mysal üçin, energiýa baý Gazagystan stipendiýa programmalary üçin aşa köp serişde goýberdi. Ol müňlerçe studenti Birleşen Ştatlara we Ýewropa okuwa iberdi.

Bu programmalardan maksat bu studentleriň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply, öz watanyna hem wepadar adamlar bolup yzyna dolanmagy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň akademiýasy ýaly institusiýalar bolsa öz studentlerini demokratik prinsiplere bagly edip ýetişdirmegi umyt edýärler.

Bu pikiri goldaýanlar: “Bular ýaly merkezleriň regionda täsiri barha artýan demokratik däl güýçlere garşy bir agram bolmagy mümkin” diýýärler.

“Bu ýeke ykdysady we miras galan bölünişikler sebäpli däl, eýse birek-biregiň tanalmaýanlygy, birek-birege adalatsyz bäsdeş diýip garalýanlygy netijesinde hem bölünen region. Goňşularyň barada sende ýalňyş pikirler köp. Men dürli ýurtlardan köp studentleriň bolmagy ýalňyş pikirden halas elitany ýetişdirmek diýip, umyt edýärin. Olaryň bu pikirleri ýeňip geçjegine, ozal emele gelen nädogry tendensiýa garşy hereket etjegine ynanýaryn” diýip, akademiýanyň direktory Maksim Ryabkow aýdýar.
XS
SM
MD
LG