Sepleriň elýeterliligi

Ukraina türkmen gazyna hyrydar


Türkmenistan öz tebigy gazyny serhetde satmaga isleg bildirýändigini yzygiderli mälim edip gelýär.

Türkmenistan öz tebigy gazyny serhetde satmaga isleg bildirýändigini yzygiderli mälim edip gelýär.

Ukraina türkmen gazynyň importyny gaýtadan dikeltmek isleýär we gaz geçijiri marşrutlary boýunça birnäçe ugurlaryň üstünde işleýär. Bu barada ukrain metbugaty habar berýär.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow Kiýewde Ukrainanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy barada gepleşikleri geçirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ukrainadaky býurosynyň baş redaktory Inna Kuznetsowa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Krymda Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşyp, gepleşik geçirendigini habar berdi.

Türkmen gazy

Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow
Ukrainanyň UNIAN habar agentliginiň ýaýradan maglumatyna görä, ýurduň premýer-ministri Nikolaý Azarow hem Türkmenistanyň wise-premýeri Raşid Meredow bilen duşuşyp, öz ýurdunyň türkmen gazyny “öňden bar bolan marşrutlaryň üsti bilen, şeýle hem Hazar-Gara deňiz gaz geçirijisini gurmak arkaly” satyn almaga isleg bildirýändigni mälim edipdir.

Ukrainanyň premýeri Azarow öz ýurdunuň bu proýektiň maliýeleşdirilmegine hem gatnaşmaga taýýardygyny belläp, onuň durmuşa geçirilmeginiň hem Türkmenistan, hem Ukraina, belki-de, Ýewropadaky sarp edijiler üçin hem bähbitli boljakdygyny aýdypdyr.

“Biziň gazgöteriji sistemamyzdan amatly zat ýok. Häzir ol 140 milliard kubmetr tebigy gazy daşap bilýär. Täzeden rekonstruksiýa edilse, onuň göwrümi 200 milliard kubmetre çenli artdyrylyp bilner” diýip, ukrain premýeriniň aýdandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň wise-premýeri Meredow energiýa pudagy, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasyna degişli infrastruktura proýektleri boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy diýip, ukrain metbugaty habar berýär.

Türkmenistan öz tebigy gazyny serhetde satmaga isleg bildirýändigini yzygiderli mälim edip gelýär.

“Öňegidişlik duýulýar”

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ukraina saparynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat bölüminiň ýolbaşçysy Oleg Woloşin metbugat brifinginde çykyş edip, häzir öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda öňegidişligiň duýulýandygyny aýtdy.

“Häzir Kiýew bilen Aşgabat 2005-nji ýyla çenli bolan özara ýakyn hyzmatdaşlygyny dikeldýär. 2005-nji ýylda käbir şowsuz hereketleriň netijesinde biziň özara gatnaşygymyz, has-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygymyz ýaramazlaşypdy. Häzir biz Türkmenistan bilen durnukly hyzmatdaşlygy ýola goýýarys” diýip, Woloşin aýtdy.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygyna böwet bolýan mesele barada durup geçip, Woloşin türkmen gazyny Ukraina akdyrmak üçin tehniki marşrutyň ýokdugyny aýtdy we şol sebäpli türkmen-ukrain gatnaşyklaryna Orsýetiň täsir edýändigini belledi.

Orsýetiň täsiri

2004-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Ukrainada “Mämişi” rewolýusiýa amala aşyrylyp, häkimiýet başyna Günbatara ýykgyn edýän demokratlar geldiler. Şol döwürde Orsýet tarapyndan goldanylýan Ýanukowiçe häkimiýet başyna gelmek başartmandy. Şondan soň Orsýetiň gaz geçirijileri arkaly türkmen gazyny Ukraina satmakda uly kynçylyklar ýüze çykyp başlady.

Indi bolsa Ukrainanyň prezidenti wezipesine Orsýetiň goldawyna eýe bolan Wiktor Ýanukowiçiň gelmegi türkmen gazynyň Ukraina akdyrylmagy meselesiniň çözülmegine oňyn täsirini ýetirer diýip, synçylar çaklaýarlar. Moskwadaky GDA Institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Andreý Grozin bolsa bu meseläniň rus-ukrain gatnaşyklarynyň ýagdaýyna bagly boljakdygyny öňe sürýär.

Häzirki wagt Ukrainada ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko 2009-njy ýylda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy bilen syýasy taýdan bähbitli, maliýe taýdan hem oýlanyşyksyz gaz şertnamasyny baglaşanlykda aýyplanyp, sud edilýär. Orsýet Timoşenkonyň tarapyny çalýandygyny gizläp duranok.

“Eger Orsýet bilen Ukrainanyň gatnaşyklaryndaky soňky iki aýda dowam edýän dartgynlylyk sowulsa, onda Orsýet bu meselä öňyn täsir edip biler. Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky gazyň bahasy we beýleki meseleler boýunça oňşuksyzlyk dowam etse welin, onda Orsýet Kiýew bilen Aşgabadyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň aradan aýrylmagy üçin alada etmez” diýip, Grozin aýdýar.

Gatnaşyklaryň geljegi

Şu ýylyň 1-nji aprelinde, 8 ýyllyk arakesmeden soň, ilkinji gezek türkmen-ukrain hökümetara komissiýasynyň ikinji maslahaty geçirildi. Bu komissiýanyň birinji maslahaty 2003-nji ýylda geçirilipdi. Şu ýylky maslahatdan soň, ukrain resmileri türkmen tarapy bilen söwda hem ykdysady hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin ylalaşygyň proýektiniň üstünde işläp başlanlyklaryny mälim edipdiler.

Bu maslahat geçirilen döwründe “Kiýew post” neşiriniň ýaýradan maglumatynda 2004-nji ýylda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 4,3 milliard dollara barabar bolandygy, 2010-nji ýylda bolsa bu sanyň 12 esse az bolup, 359 million dollara çenli pese gaçandygy aýdyldy.

Orsýetli bilermen Grozin ukrain telekeçileriniň Türkmenistanda alyp baran işleri bilen bagly köp kynçylyklaryň bolandygyny aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň erk-islegi bolan halatynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ukraina edýän bu saparynyň netije berjekdigini belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG