Sepleriň elýeterliligi

Kime näçe iş degişli?


Gulgeldiýew: "Bazarlaryň ýolbaşçylary bazaryň elektrik energiýasyna jogap bermeli işgäri söwda nokadynyň ýerleşýän köçesindäki çyralaryň ählisini bejermäge, döwüklerini çalyşmaga borçly edýär".

Gulgeldiýew: "Bazarlaryň ýolbaşçylary bazaryň elektrik energiýasyna jogap bermeli işgäri söwda nokadynyň ýerleşýän köçesindäki çyralaryň ählisini bejermäge, döwüklerini çalyşmaga borçly edýär".

Ýurtda işsizligiň artmagy bilen, işe girmegiň nyrhy diňe bir merkezi şäherlerde däl, eýsem, welaýatdyr etraplaryň iň bir çet gyralarynda hem görlüp-eşidilmedik derejede artdy. Etraplardaky hökümete degişli edara-kärhanalara işe girmek üçin hem, çagalar baglarynda eneke bolmak üçin hem eslije para bermeli. Bu puly bermäge ýagdaýy bolmadyklar her aýdaky aýlygyndan belli bir möçberini töläp durmagy boýun alyp, işe ýerleşýärler. Şeýdip, olar işe girenligi üçin bermeli parasynyň puluny üzüp durýarlar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe iş orunlarynyň aşa köp gysgaldylanlygyndanmy ýa-da eden-etdiligiň, bidüzgünçiligiň möwç alýan ýurdunda para almaga endik edinen edara-kärhana ýolbaşçylarynyň «öli janlary» saklap, bir işgäriň üstüne birnäçe işi ýüklemäge ýüz urýandyklary üçinmi, edara-kärhanalardaky işgärleriň iş prosesi hem her hili ýagdaýda üýtgäp gidýär.

Mysal üçin, käbir etraplarda mekdepleriň, çagalar baglarynyň garawulynyň üstüne diňe bir goramaly obýekti goramak däl-de, goraýan territoriýasyny, diňe bir territoriýany hem däl, eýsem onuň töweregindäki köçeleri-de syryp-süpürmek, otlaryny, ýandaklaryny çapmak hem ýüklenýär. Garawul gijesi bilen garawulçylyk çekýär, gündiz bolsa mekdebiň, çagalar bagynyň howlusyny, olaryň töweregindäki köçeleri süpürip, suwlap çykýar. Otlaryny çapyşdyrýar.

Bazarlaryň ýolbaşçylary bazaryň elektrik energiýasyna jogap bermeli işgäri söwda nokadynyň ýerleşýän köçesindäki çyralaryň ählisini bejermäge, döwüklerini çalyşmaga borçly edýär. Bazar elektrigi merduwan göterip, köçe-köçe aýlanmaly bolýar. Bu iş häkimlikler tarapyndan bazar ýolbaşçysynyň boýnuna atylýar, bazar ýolbaşçysy hem özüne buýrulan işi öz işgäriniň boýnuna atýar. Şeýdilip, bir kişiniň üstüne birnäçe işi atmak bilen, ýa-ha alynmaly işgärler işe alynman, olaryň aýlyk-günlükleri wezipeli adamlar tarapyndan «öli janlaryň» üsti bilen parahorlaryň jübülerine düşýär, ýa-da iş orunlarynyň gysgaldylanlygy üçin işleri amala aşyrmaga adam sany ýetenok.

Ýaşaýyş üçin gazanç gerek

Işe ýerleşenler özlerine nähili iş buýrulanda-da çekip-çydaýarlar. Sebäbi olara ýaşaýyş üçin gazanç gerek.

Edaralara işe alynýan işgärlere beterräk ýumuşlaryň buýrulýan halatlary-da bolýar. Mysal üçin köp ýolbaşçylar özlerine berkidilen şofýorlary çagalaryny çagalar bagyna äkidip-getiriji, aýalyny hem-de maşgalasyndaky beýleki zenanlary toýlara, bazarlara, dükanlara, sadakalara, konsertlere äkidip-getiriji, öýüne azyk önümlerini daýşaýjy edip ulanýarlar.

Öz işgärini agtygyna serediji, öýleriniň nahar bişirijisi hem kirini ýuwup, öýi syryp-süpüriji edip ulanýanlar-da bar.

Skladlara ýük göterijiniň wezipesine işe alnanlaryň edara ýolbaşçysynyň öýündäki mallaryna ot-iým berip, maşynyny ýuwup, mallarynyň ýataklaryny arassalaýjylara öwrülýän halatlary hem az bolanok.

Towuklaryna «tok» diýilmeýän edara-kärhana ýolbaşçylary eden-etdilikler döwrüniň bidüzgünçiliginden geregiçe peýdalanýarlar. Sebäbi ýurtda tertip-düzgüne gözegçilik etmek işi ýatyp galdy.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG