Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad protestçilere garşy harby operasiýalary togtadýandygyny aýdýar


Siriýa režiminiň harby güýçleri Deýr el-Zur şäherinde, 16-njy awgust.
Siriýa režiminiň harby güýçleri Deýr el-Zur şäherinde, 16-njy awgust.
Hepdäniň çarşenbe güni habar agentlikleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň öz harby we polisiýa güýçlerine ýurduň şäherlerinde alnyp barylýan köpçülikleýin tussag edişlikleri bes etmeklige görkezme berendigini habar berdiler.

Bu maglumata görä, BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygynda şeýle wada beren Başar al-Assad ýakyn birnäçe aýyň dowamynda Siriýada reformalaryň, şol sanda, konstitusion reformalaryň amala aşyryljakdygyny we saýlawlaryň geçiriljekdigini-de nygtapdyr.

Çarşenbe güni bu maglumaty Pan Gi Munyň metbugat sekretary-da öz beýanatynda tassyklady.

Türkiýäniň üns merkezinde

Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň bu wadasy bu ýurtdaky dartgynly wakalar bilen baglanyşykly halkara jemgyýetçiliginiň aladasynyň has-da güýçlenen günlerine gabat geldi.

Çarşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen Iordaniýanyň daşary işler ministri Nasser Judehiň geçiren gepleşiklerinde-de Siriýadaky wakalar aýratyn üns merkezinde boldy.

Ahmet Dawutoglu bu gepleşiklerden soň habarçylara beren interwýusynda şeýle diýdi: “Biz Siriýa bilen-de, regiondaky beýleki ýurtlar bilen-de, halkara jemgyýetçiligi bilen-de öz konsultasiýalarymyzy dowam etdireris. Men düýn BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Mun bilen-de bu mesele barada düýpli gürrüň etdim. Elbetde, bu diňe Türkiýe üçin problema däl. Siriýadaky operasiýalar dowam etse we ol regional problema öwrülse, Türkiýe ýagdaýa ýöne bir biperweý garap oturyp bilmez”.

Siriýa: partlamalar Latakiýany sarsdyrdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Wideo: BMG müňlerçe palestinaly bosgunlaryň Siriýanyň Latakiýa şäherindäki lagerden gaçmaga mejbur bolandyklaryny aýdýar.

Şu ýylyň mart aýyndan bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda ýurduň harby we howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde 2 müň töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.

BMG-de maslahat ediler

Şu gün BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly ýörite maslahat geçirmekligi planlaşdyrýar. Maslahatda adam hukuklary boýunça iş alyp barýan tanymal diplomatlar we resmiler Siriýadaky adam hukuklarynyň bozulmalaryna degişli anyk maglumatlar bilen çykyş ederler.

Bu maslahatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pilleý Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy amala aşyran gyrgynçylyklaryny derňemek üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini bu iş boýunça Halkara suduna ýüz tutmaklyga çagyrar diýlip garaşylýar.

Bu wakalaryň fonunda Birleşen Ştatlaryň käbir hökümet resmileri prezident Barak Obamanyň hem Siriýanyň lideri Başar al-Assady wezipesinden gitmeklige çagyryp çykyş eder diýlip garaşylýandygyny mälim etdiler. ABŞ-nyň şeýle çagyryş eden halatynda, ony Ýewropa Bileleşiginiň hem goldamagy mumkin.

Hepdäniň çarşenbe güni käbir beýleki arap ýurtlarynyň göreldesine eýerip, Tunis hem özüniň Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrdy.

Emma daşarky dünýä tarapyndan güýçlenýän bu basyşlara garamazdan, Siriýanyň lideri Başar al-Assad özüniň häkimiýetden gitmejekdigini nygtap gelýär.
XS
SM
MD
LG