Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda täze okuw kitaplary çap edildi


Türkmenistanyň resmi habar agentligi täze okuw ýyly üçin okuw kitaplaryndan 100 görnüşiniň 1 million 645 müň nusgada çap edilendigini habar berýär.

Maglumata görä, çap edilen bu uly möçberdäki okuw kitaplarynyň hatarynda täze taýýarlanan okuw kitaplary-da bar.

Resmi habar agentligi täze okuw ýylynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň 1-nji klas okuwçylaryna öz adyndan “Meniň watanym – Türkmenistan” atly täze kitaby-da sowgat berjekdigini habar berýär. Emma bu kitabyň mazmuny barada anyk maglumat berilmeýär.

Mundan daşary, ýurduň kitaphanalary üçin çap edilen köpsanly täze kitaplaryň hatarynda käbir klassyk edebiýatlary bilen birlikde, prezident Berdimuhamedowyň hem birnäçe kitabynyň kitap tekçelerinde aýratyn orun eýelejekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG