Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly belli aktiwist Urlaýewa tussag edildi


Penşenbe güni “Fergana.ru” internet saýty özbegistanly ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Ýelena Urlaýewanyň Namangan şäherinde tussag edilendigini habar berdi.

Bu saýtyň ýazmagyna görä, beýleki bir ýerli aktiwist Bahadyr Namazow Ýelena Urlaýewanyň özüne jaň edip, tussaghanada özüni organ işgärleriniň rehimsizlik bilen ýençýändiklerini habar beripdir.

Ýelena Urlaýewa Özbegistanda hukuk meseleleri boýunça iş alyp barýan hökümete degişli däl guramanyň ýolbaşçysy.

Mundan ozal hem ol Özbegistanda birnäçe gezek wagtlaýyn tussag edilipdi we ruhy keselhana-da ýerleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG