Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa bosýan eýranlylaryň sany köpelýär


Germaniýanyň Migrasiýa we Bosgunlar baradaky federal edarasy Ýewropadan syýasy gaçybatalga alýan eýranly bosgunlaryň sanynyň has hem artýandygyny aýdýar.

Germaniýanyň bu edarasynyň çap eden statistiki maglumatyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Germaniýadan syýasy gaçybatalga almak üçin ýüz tutan eýranly bosgunlaryň sany 1 müň 382 adam bolupdyr. Geçen ýylyň şu döwründe olaryň sany 952 adam bolupdy.

Eýranly syýasy bosgunlaryň Berlindäki jemgyýetiniň başlygy Hamid Nozari soňky iki ýylyň dowamynda Skandinawiýa ýurtlary, Britaniýa, Fransiýa we Gollandiýa ýaly Ýewropanyň ýurtlaryndan gaçybatalga alýan eýranly bosgunlaryň sanynyň-da görnetin artandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG