Sepleriň elýeterliligi

Ýaponlar tapylan pullary hökümete tabşyrýar


Ýaponiýanyň hökümeti şu ýylyň mart aýynda ýer yranmadan we sunami heläkçiliginden ejir çeken regionlardan jemi 3,7 milliard ýen, ýagny 48 million dollar möçberinde tapylan serişdäniň döwlete gaýtarylyp berlendigini mälim etdi.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, ýerli ýaşjaýlar henizem heläkçilik çekilen ýerlerden tapylan pullary hökümet organlaryna tabşyrmaklaryny dowam etdirýärler.

Şu ýylyň 11-nji martynda Ýaponiýada ýüz beren şol ýer yranma we sunami heläkçiliginde azyndan 16 müň töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG