Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we ÝB Assadyň häkimiýetden gitmegini talap edýär


Penşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýadaky krizislere bagyşlap ýörite maslahat geçirýär.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň haýdan-haý häkimiýetden gitmegini talap edip, resmi beýanat ýaýratdy.

Onuň bu beýanatyny Ýewropa Bileleşigi hem goldady. Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň döwlet liderleri bilelikde beýanat kabul edip, Siriýanyň liderini wezipesinden gitmäge çagyrdylar.

Penşenbe güni hem bu waka gabatlap BMG-niň adam hukuklary boýunça ýörite topary Siriýadaky adam hukuklarynyň bozulmalary we gyrgynçylyklar bilen baglanyşykly ýörite hasabat çap etdi.

Bu hasabatda Siriýanyň režiminiň adamlary köpçülikleýin jezalandyrmak, gynamak we çagalary-da öldürmek bilen, ynsanýete garşy jenaýat eden bolmagynyň mümkindigi öňe sürülýär.

Hasabatda Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy amala aşyran gyrgynçylyklaryny derňemek üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine bu iş boýunça Halkara suduna ýüz tutmaklyk teklip edilýär.
XS
SM
MD
LG