Sepleriň elýeterliligi

Täjik prezidenti Rahmona “görünmeýän” zatlar


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Sugd etrabynda resmiler bilen duşuşýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Sugd etrabynda resmiler bilen duşuşýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ýurt boýunça sapara başlamagy ýurduň dürli künjeklerinde şowhun-şagalaňyň döremegine sebäp bolana meňzeýär. Köçeler alňasak arassalanyp, ýoluň ýakalarynda prezidentiň ullakan portreleri we açylyp oturan güller ýerleşdirilýär.

Şu aýyň dowamynda Rahmonyň baran her bir şäherinde ýaş çagajyklar – milli köýnek geýnen gyzjagazlar we ak köýnekli oglanjyklar prezidenti garşy alýardylar. Olar goşgy okap, Rahmony, bir görseň, Täjigistanyň X asyrdaky patyşasyna, bir görseňem, ýurduň belli gahrymanlaryna meňzedip, onuň waspyny ýetirýärdiler.

Rahmon bilen duşuşmaga getirilen adamlar bolsa, “hormatly prezidentiň” halk üçin edýän tagallalaryna razyçylyk we goldaw bildirýärdiler. Ýöne ilat prezidentiň ýurda aýlanmagynyň diňe ýönekeýje gözboýagçylykdygyny aýdýar. Bular ýaly çäreleriň garyplykdan we umytsyzlykdan horluk çekýän halkyň hakyky durmuşy bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugy hem bellenilýär.

Her kim goýberilmeýär

Prezident bilen gündelik durmuş meseleleri dogruda gürleşmek isleýänler bolsa, beýle çäreleriň golaýyna hem getirilmeýär.

Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Penjekent şäherinde ýaşaýan garaşsyz žurnalist Şohin Rawşanyň aýtmagyna görä, intelligensiýanyň bir topary Rahmonyň gelmegine ençeme aýyň dowamynda garaşyp, prezidente beriljek anyk soraglary hem taýýarlapdyr. Emma, haçan-da prezident Penjekende gelende, olar prezidentiň ýanyna goýberilmändir.

“Bu adamlaryň prezidente möhüm soraglary berip, bu soraglaryň jogabyny talap etmeklerinden ýerli resmiler howatyrlanýar. Ýakynda, welaýat häkimi Kohir Rasulzoda gelende, bu topar oňa juda berk sowallary berip, onuň bilen dawalaşypdy. Şular ýaly ýagdaýyň ýene-de gaýtalanmagyndan howatyrlanyp, olar Penjekendiň intelligenisiýasyny Rahmon bilen duşuşdyrmady” diýip, Rawşan aýdýar.

Käbir ýaşaýjylar ýerli ýolbaşçylary, gülzarlyk perdesini döredip, hakyky bar bolan kynçylyklary gizlemek synanyşygynda aýyplaýarlar.

Ýetginjek gyzyň derdi

Ýurduň gündogar şäheri Gorgandepede Mutabar atly gyz prezident bilen duşuşmaga rugsat berilmegi üçin ýerli resmilerden birsyhly haýyş edipdi. Ol günorta Wakhsh etrabynda bir garyp maşgalanyň ýetginjek gyzy. Ol mundan iki ýyl ozal ýokary derejeli bir resmi tarapyndan zorlanandygyny aýdýar. Emma polisiýa we sud onuň şikaýatyny ret edipdir.

Özüniň doly adyny bermekden saklanan Mutabar “hiç kimiň onuň derdine gulak asmaýandygy” üçin, indi (çykalga hökmünde) prezident bilen gürleşjek bolandygyny aýtdy.

Mutabar, prezidentiň golaýyna-da goýberilmän, onuň töweregini goraýan polisiýa tarapyndan yzyna ýollandy. Edil şol wagt prezident Rahmon täze söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyp, özüni wasp ediji şygyrlary diňlemek bilen gümrady.
XS
SM
MD
LG