Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýanyň çeçen gahrymanlary


16 ýaşly Rüstem Dawudow (çepde), 17 ýaşly Mowsar Jamaýew (sagda).
16 ýaşly Rüstem Dawudow (çepde), 17 ýaşly Mowsar Jamaýew (sagda).

Utoeýa adasynda terrorçynyň elinden 69 adam heläk bolanda şol ýerde aman galan çeçen jahyllary Norwegiýanyň metbugatynyň gahrymanlaryna öwrüldiler. Şolaryň biri Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna interwýu berdi.


Çeçen bosgunlarynyň maşgalasyndan bolan 16 ýaşly Rüstem Dawudow bilen 17 ýaşly Mowsar Jamaýew 22-nji iýulda Anders Breýwigiň (oňa terrorçylyk etmekde günä bildirildi) oka tutan ýetginjekleriniň arasyna düşüpdiler. Norwegiýanyň “Dagbladet” gazetiniň ýazmagyna görä, Breýwik birnäçe ýetginjegiň ganyna galanyndan soň, özüni poliseý hökmünde görkezip, diri galanlary ýanyna çagyrypdyr. Rüstem bukudan çykmak isläpdir. Ýöne Mowsar onuň ýeňinden çekipdir. Sebäbi ol poliseý eginbaşly kişiniň hakyky poliseýdigine müňkürlik edipdir. Şundan soň “poliseý” haraý gözläp ýanyna gelen ýaş juwanlary Rüstemdir Mowsaryň gözüniň alnynda atmaga başlapdyr…

Jygba-jygly garma-gürmelikde 17 ýaşly Mowsar kakasyna til kakyp, oňa başyna düşen işi aýdyp, bu pajygaly pursatdan nädip baş alyp çykmalydygy hakda maslahat sorapdyr. Kakasy oňa özüni halas etmegi, beýleki ýaşlary-da halas etmäge çalyşmagy maslahat beripdir.

Rüstem bilen Mowsar terrorça tarap daş zyňmaga başlapdyrlar. Hatda Mowsaryň zyňan daşy terrorça degipdirem. Bu barada “Dagbladet” gazeti ýazýar. Ýöne daş zyňmagyň soňy netijesiz gutaransoň, ikisi gowak tapyp, şo taýda-da 23 adamyny gizläpdirler. Çagalaryň käbirini güýç bilen äkitmeli bolupdyr. Jahyllar gowagyň agzynda garawul durupdyr. Özlerini suwa oklap, terrorçydan başlaryny gutarmak islänlere Mowsaram kömege barypdyr. Şonda tas onuň özi suwa gark bolan eken.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy Rüstem Dawudow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy:

—Seni polisiýa çagyrdylarmy? Dostuň bilen adamlary halas edeniňi kime aýdyp berdiň? Munuň özi nädip äşgär boldy?

—Bu waka barada mundan ozal hiç kimiň ýanynda dil ýarmadyk. Özümizi asmandan asmak islemedik. Muny žurnalistleriň nädip eşidenine akylym haýran. Žurnalistler kimdir biriniň özlerine jaň edip, bu barada habar berendiklerini aýtdylar. Biziň hereketlerimizi gyzlar synlap durdy. Ana, şolaram ýetirmeli ýerine ýetiren bolmaly. Şundan soň bize žurnalist zenan jaň etdi. Onsoň, ras bu waka ile mälim boldumy, onda bize-de arkan gaýşyp oturmagyň geregi ýok diýip hasapladyk.

—Polisiýa megerem, derňew geçirýändir.

—Häzirlikçe bizi polisiýa çagyranok. Olara bir gezek gürrüň berdik. “Şulam ýeterlik” diýip aýtdylar.

—Siz bu ada nädip düşdüňiz?

—Bärik tomusky lager hökmünde geldik. Ony-muny göresimiz geldi, bilesimiz geldi. Onsoň, elbetde, Işçiler partiýamyzyň hatyrasyna geldik... Biziň syýasat boýunça geljege nazar aýlasymyz geldi.

—Şo taýda bukular ýaly, megerem, ýer köp bolandyr?

—Gizlenere ýer azlyk edenokdy. Ýöne barymyz basga düşdük, kelebimiziň ujuny ýitirdik. Beýle bolar öýdüp hiç kim oýuna-da getirenokdy. Köp kişiniň bu wakanyň hakykatdygyna ynanasy-da gelenokdy. Norwegiýada beýle-beýle waka bolar öýdüp, pikirem etmeýärdik. Onsoňam, gizlenmek mydama kömegem etmeýärdi, sebäbi azgyn üçin gaçara-kowara tutuş bir sagat bardy…

—Ustesine, jenaýatçy poliseý eginbaşyndady.

—Hawa. Ol hakyky poliseý ýaly görünýärdi. Men-ä, walla, şoňa çynym bilen ynandym… Entegem Mowsar kakasyna jaň edäýdi…

—Sen hossarlaryňa jaň etmediňmi?

—Aý, ýok, men-ä hiç kime jaň etjegem bolmadym, “Ölsem-ä — ölerin, ölmesemem — galaryn” diýen karara geldim.

—Nähilidir bir garşylyk görkezmäge çalşan başga-da boldumy, mysal üçin Breýwige daş zyňan diňe Mowsar ikiňizmi?

—Ikimizden başga zyňan ýok. Munuňam şeýle bolmagy meniň aslymyň çeçenliginde, Norwegiýada beýle zatlara öwrenişmändirler. Biz bolsak, urşy başymyzdan geçirdik. Olaryň welin beýle gabahatçylyk düýşlerine-de girenok. Dogrusy, hatda biziň özümizem şo pursat Norwegiýada beýle zatlar hiç haçan bolmaz öýdüp pikir edipdik.

—Groznyda uruş barýarka sen näçe ýaşyňdadyň?

—Sekiz-dokuz töweregi...

—Häzir siziň bilen psihologlar işleýärmi?

—Hawa, psihologlar, wraçlar ruhy sarsgynlary aýryşmaga kömek edýärler. Urşy, horluklary başymyzdan geçirsek-de, şonda-da bu bolup geçen wakadan soň häzirem aýňalyp bilemzok — diýip, Rüstem Dawudow aýtdy.

Norwegiýadaky çeçen diasporasynda gürrüň bermeklerine görä, Rüstem şol pajygada kakasyna jaň edip biljek däldi. Sebäbi onuň kakasy 2003-nji ýylda Çeçenistanda wepat bolupdy. Şundan soň olaryň maşgalasy Norwegiýa emigrant bolup barypdy.

Jahyllaryň özlerini alyp baryşlary, hususan-da, olaryň Breýwigi daşlaýyşlary barada “Dagbladet” neşirine şol pajygada diri galan gyzjagazlar habar beripdirler. Bu habary hut Breýwigiň aklawçysynyň-da tassyklandygyny neşiriň žurnalisti Line Brusta aýdýar:

—Bize mälim bolan bu zatlaryň çyndygyny jenap Breýwigiň aklawçysy tassyklady. Aklawçy Breýwik bilen gürleşende ol şol adada kimdir biriniň özüne nämedir bir zatlary zyňandygyny tassyklapdyr. Meniň pikirimçe, islendik ýagdaýda bu waka aýdanyňa degýär. Sebäbi biz eýýäm Utoeýa adasyndaky şaýatlaryň görkezmeleriniň giden bir toplumyny beýan etdik. Eger-de beýlekilere ynanýan bolsak, onda näme üçin biz bujagaz jahyllara ynanmaly dälmişik?

Şol bir wagtyň özünde jahyllaryň Watanynda, Groznyda Rüstem bilen Mowsary sylaglamak kararyna gelipdirler. Hatda “Laýfnýuz” neşiri Norwegiýada ýaşaýan Rüstem Dawudow bilen Mowsar Jamaýew “Çeçenistanyň hormatly raýatlary bolarlar” diýip habar hem berdi. Emma Çeçenistanyň baştutanynyň metbugat sekretary Alwi Kerimow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda bu habary tassyklamady:

—Jahyllar özlerini hakykatdanam, mertlerçe alyp barypdyrlar. Dogrusy, şunuň ýaly ahwalatda uly adamlaram aljyrardy hem-de ilkinji nobatda öz gara başyny goramagyň gamyny iýerdi. Jahyllar welin beýleki çagalaryň janyny goramaga çalşypdyrlar. Çuňňur hormat goýulmagyna mynasyp hereket. Elbetde, olaryň edermenligi bilinmäge degişlidir. Munuň özi nähili ýagdaýda bolup biler, häzir ony aýdyp biljek däl. Sebäbi karary respublikanyň baştutany kabul edýär. Ýöne olaryň bu hereketi Norwegiýada-da, Orsýetde-de ünssüz galmaz diýip pikir edýärin.

Ýene bir çeçen, 17 ýaşly Anzor Jukaýew hem Utoeýada Anders Breýwigiň gyrgynçylyk eden mahaly adada gezip ýördi. Emma polisiýa Anzory ganhora ýardam bermekde şübheli görüp, ony gös-göni adada tussaga aldy. Ýetginjek kamerada 17 sagat oturdy. Şol wagt Anzoryň hossarlary ony ölendir öýdüpdirler. Çünki Anzoryň telefonyny elinden alypdyrlar. Görlüp oturylsa, çeçeniň tutulmagyna norwegiýaly oglanjyk sebäp bolupdyr. Gyrgynçylyk mahaly Anzoryň aglaman-eňremän, özüni sowukganly alyp barşy norwegiýaly oglanjyga geň görnüpdir.

“Erkek kişem, heý, aglarmy?” diýip, Anzor “Russkaýa služba nowosteýe” düşündirdi. Norwegiýanyň neşirlerine bolsa, ol Çeçenistandaky uruş mahaly itleriň adam maslyklaryny çekeläp durandyklaryny görendigini-de aýdyp berdi.

Anzor Jukaýew Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysy bilen uzak gepleşip oturmakdan ýüz öwürdi. Diňe özüniň bikanun tussag edileni üçin talap bilen “hökman suda gitjegini” tassyklady. Norwegiýanyň polisiýasy ýetginjekden eýýäm ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG