Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Ukraina: gaz söwdasy gün tertibinde


Orsýet-Ukraina serhedinde ýerleşýän Sudžadaky gaz stansiýasy

Orsýet-Ukraina serhedinde ýerleşýän Sudžadaky gaz stansiýasy

Ukraina özüne türkmen gazynyň ýene-de akdyrylyp başlanmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada 17-nji awgustda Kiýewde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow bilen özara gepleşiklerinde yglan edildi. Iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy 2005-nji ýylda kesilipdi.


Ukrain tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Ukrainanyň premýer-ministriniň metbugat wekili Witaliý Lukýanenko ýurtlaryň arasyndaky dialogyň häzirki aktiwligini öňden özara bähbitli hyzmatdaşlyk tejribesi bolan döwletleriň öz gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmek zerurlygy bilen düşündirdi.

“Uly mümkinçiliklere eýe bolan gatnaşyklar Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda öňden bäri alnyp barylýar. 2005-nji ýyla çenli gaz hyzmatdaşlygy güýçli depginde we bähbitli görnüşde amala aşyrylýardy. Häzirki wagtda ýurtlar üçin bähbitli bu gatnaşyklary dikeltmäge zerurlyk ýüze çykdy” diýip, Lukýanenko aýdýar.

Kiýewdäki gepleşiklerde ýurtlaryň energetika pudagy boýunça gatnaşyklaryny aktiwleşdirmek üçin gowy perspektiwalaryň bardygyny Türkenistanyň daşary işler ministri, ýurduň wise-premýero Raşid Meredow hem nygtady. Şol gepleşikleriň mazmuny barada türkmen metbugatynda çäkli maglumat berildi.

2005-nji ýylda Ukraina Türkmenistandan 36 milliard kubometr möçberde gaz satyn alýardy. Ukrainanyň ýolbaşçylary 2006-njy ýyldan başlap, 50-60 milliard kubometr möçberde gaz satyn alyp başlamakçydyklaryny hem yglan edipdiler.

Mümkinçilikler we päsgelçilikler

Ýakynda Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarowyň aýtmagyna görä, türkmen gazyny Ukraina akdyrmak üçin Kiýew hem öňki marşrutlary hem-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden täze gaz geçirijini gurmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar.

Emma Ukrainanyň “Nomos” atly merkeziniň energetika programmalarynyň müdiri Mihail Gonçar ukrain resmileriniň göz öňünde tutýan “Transhazar” we “Ak akym” geçirijileriniň henize çenli uzak möhletleýin proýektler görnüşinde galýanlygyny aýdýar. Bilermen şu günki gün Türkmenistandan Ukraina gaz akdyrmak üçin ýeke-täk ýoluň Orsýetiň üstünden geçýänligini, emma öz bähbitlerinden ugur alýan “Gazpromyň” syýasatynda bolsa şu günki güne çenli üýtgeşikligiň göze ilmeýänligini belledi.

Gonçaryň sözlerine görä, türkmen-ukrain gaz söwdasynyň dikeldilmegine Ukrainanyň Orsýet bilen bar bolan dawaly gaz şertnamalary hem päsgelçilik berýär. Häzirki şertnama görä, 2011-nji ýylda Ukraina “Gazpromdan” 40 milliard kubometr möçberde gaz satyn almaga borçly. Kiýewiň bu möçberdäki gaz üçin häzir töleg kynçylyklaryny hem çekýänligini Gonçar belledi.

Ukrainaly analitik Gonçar Türkmenistan bilen Ukrainanyň göni gaz söwdasynyň öz döwründe Orsýetiň goşulmagy bilen bes edilenligini hem ýatlatdy we 2003-nji ýylda Moskwanyň Aşgabat bilen baglaşan 25 ýyllyk gaz ylalaşygynyň Aşgabatdan Kiýewe ikitaraplaýyn şertnamalar esasynda gazyň akdyrylmagyna päsgelçilik döredýänligini belledi.

Geçmişdäki aýratynlyklar

Gonçaryň pikirine görä, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ukraina arsynda gaz söwdasynyň dikeldilmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik araçy guramalaryň döredilmegidir. Gonçar taraplaryň şeýle mümkinçiligi göz öňünde tutýan bolmagyny aradan aýyrmaýar we geçmişde türkmen gazyny akdyrmakda “Ýeuraltransgaz” we “RosUkrEnergo” kompaniýalarynyň oýnan roluny ýatladýar.

“Bu yerde öz wagtynda şowly bolan we ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň bähbitlerine gabat gelen shemalaryň dilkeldilmegi barada gürrüň gidýän bolmagy ähtimal. Resmi taýdan Ukrainada Türkmenistan bilen göni we “Gazpromsyz” gaz söwdasyny amala aşyrmaga mümkinçilik ýok. Emma gümürtik gurluşly kompaniýalaryň gatnaşmagynda gurnalan shemalar ýurtlaryň korrumpirlenen täsirli toparlary, syýasatçylary we resmileri üçin bähbitli bolansoň, taraplaryň muňa razy bolmagy mümkin. Üstesine, şeýle shemalar mundan peýda görýänleri anyklap, olary bikanunçylykda aýyplamaga ýuridiki esas bermeýär” diýip, Gonçar aýdýar.

2004-nji ýylda Şweýsariýada “Gazprom” bilen Ukrainanyň şahsy raýatlarynyň eýeçiliginde bolan “Centrgaz holding” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döredilen “RosUkrEnergo” kompaniýasy Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasy bilen şertnama esasynda 2005-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazyny Ukraina akdyrmak bilen meşgullanypdy. Ukrainanyň häzirki prezidenti Wiktor Ýanukowiç şol döwürde ýurduň premýer-ministridi.
XS
SM
MD
LG