Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobatguly Rejepow nirä barýar?


Sowet döwründe özüni kämil şahyr hökmünde ykrar etdiren, il içinde garaşsyzlyk ýyllarynda Nyýazowyň ady bilen çap edilen goşgularyň awtory hasaplanylýan Nobatguly Rejebowyň "Türkmenistan" gazetiniň şu ýylyň 4-nji awgustyndaky sanynda onuň tutuş bir sahypasyny eýeläp duran "Türkmen ili Prezidentiň saýlawlaryna barýar..." rubrikanyň astyndaky "Galkyn, Döwletli diýar" atly, gazetiň özünde aýdylyşy ýaly, şygyr dessanyna gözüm düşende, makalamyň sözbaşysyndaky sowal döredi.

Onuň soňky birki ýyllykda çap etdiren goşgularyna "Azatlygyň" efirinde syn berenimde, awtoryň Onuň Aly Hezretleri Poeziýadan gaçyp, Ýaranjaňlar ýygnyna goşulmaga barýandygyny ýaňzydypdym. Emma şonda-da Rejebowyň türkmen şygryýetinde öz ýagşy adyny saklajakdygyna, Onuň Aly Hezretleri Poeziýanyň huzuryna dolanjakdygyna umyt baglapdym.

Al, saňa gerek bolsa!

"Türkmenistan" gazetiniň redaksiýasynyň Rejebowyň şygyr dessany diýýän "Galkyn, döwletli diýar" sözbaşyly oda-poemasyna ýazan girişini tutuşlygyna getirmegi makul bildim:

"Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan dörän uçmah ýaly "Awaza" milli syýahatçylyk hem dynç alyş mekany barada şahyr hem kinodramaturg Nobatguly Rejebowyň Oguzhan adyndaky "Türkmenfilm" birleşiginde "Awazanyň aýdymy" atly aýdym-sazly çeper filmi surata düşürilip başlandy. Biz okyjylarymyza "Galkyn, döwletli diýar" atly şol filmiň edebi esasyny düzen şygyr dessanyny hödürleýäris".

Redaksiýanyň maksady düşnükli. Ol gaýtadan baş redaktorlyk kürsüsine atlanan Annamyrat Poladowyň ýolbaşçylygynda türkmen ilini prezidentiň göz üçin geçiriljek saýlawlaryna alyp barmaly, has dogrusy, çagyryş etmeli. Onda-da entek şol saýlawlar yglan edilmänkä. "Türkmenistan" gazeti türkmen propagandasynyň kerwenbaşysy bolmaly.

Nobatguly Rejebowyň bu odasy bolsa 30-njy ýyllaryň agitatorçylyk goşgularynyň häzirkizaman nusgasy ahyryn. Ýöne hakykatyň hatyrasyna "Galkyn, döwletli diýaryň" ýaranjaňlyk hörpi ilkinji çalasowat halk şahyrlarymyzyň şygyrlaryny guma garýar.

Eýsem, olaryň tarypy şu setirlerdäkiçe çykarmydy:

Adyň—doga,
jiger saňa bendiwan,
Çünki seni depesine göteren

Gujurly,
Gudratly Prezidentim bar!
Prezidentim,
Beýiksiň sen, beýiksiň.
Taňrym saňa Serdarlygy beripdir!..


Şu ýerde N.Rejebowyň odasyndan alýan mysallarymyň arasyny kesip, serdarlygy otuzynjy ýyllaryň şahyrlarynyň Staline, döwürdeş ýaranjaň goşguçylaryň bolsa Saparmyrat Nyýazowa rowa görendiklerini ýatlatsam näderkä? Şahyr Gözel Şagulyýewa Arkadag ogluna serdar diýilmegine razy bolarmy näme? Nobatguly aga bu halypasyndan ozduryp, ýaranjaň şahyrsumaklaryň öň hataryna geçmegi göwnüne düwen bolsa, onuň gaňryşyny gaýtarmaly däldir-ä?!

Bolsa-da ol şuny duýan şekilli:

Galkynyş sen!
Özgeriş sen!
Ösüş sen!
Sensiň beýik müňýyllygyň lideri.
Sensiň türkmen Parasady,
Paýhasy.
Sen halkymyň görer gözi,
Didesi.
Dana türkmen diňe seni saýlady!


—diýip ýazanyndan soň, Şagulyýewanyň ruhunda "Prezidentim — beýik Arkadagymyz" diýen setiri-de çyrşamagy unutmandyr. Ol türkmen halkyna "Bir agza bak, Arkadagyňa uý sen" diýibem üstüni ýetiripdir. Şonda-da serdar sözünden el çekesi gelmän, ony birnäçe gezek gaýtalaýar: "Danadan dana ol, Serdardan serdar".

Be, janlarym, bu diýdigi ol Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydanam beýik, has hakyky serdar diýdigimikä?! Hawa, hawa, edil özi! Üstünden bardyk: "Oguz hana kybap Serdar derkardyr! Arkadagym, Sen hakyky serdarsyň!".

N.Rejebow joşup bilipdir, özüniň otuzynjy ýyllaryň çalasowat agitator şahyrlary-ha beýle-de dursun, Gözel Şadanam müň keren zor waspçydygyny görkezmek kemini goýmandyr. Ol ondan tapawutlylykda, prezidente diňe ogul, beýik ogul diýip ýüzlenenok. Onuň deregine: "Beýik Arkadagym — ýeke-tägimdir" diýip güzledýär.

"Allam Arşdan açdy döwlet sakasyn" diýip, başda ynamly ýazan awtoryň, prezidenti arşa çykaryp ýören awtoryň, diýarym uçmahy diýip gomparýan awtoryň odasynyň soňragynda: "Diýaryma nazar sal sen, gara sen" diýip mynajat etmesi nämekä?

Beýik alym Eýnşteýn iki zadyň — älem-jahanyň we akmaklygyň çägi ýok diýipdir. Nobatguly Rejebowyň "Galkyn, döwletli diýar" oda-poemasyny okanyňda ýaranjaňlygyň-da uç-gyragynyň ýokdugy hakyndaky pikir seriňe gelýär. Ýaranjaňlyk bolsa şöhratparazlygyň, men-menligiň, şahsyýet kultunyň, özüňi asmandan, arşdan asmagyň çüýrük, zäherli iýmitidir.

Nobatguly, il prezident saýlawlaryna barýan bolsa, sen nirä barýaň? Azaşsaň-da, halk bilen azaşmaly ahyryn.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG